Geçen ýylyň jemleri boýunça dünýäniň pul ätiýaçlyklary taryhda ilkinji gezek 13 trillion dollardan geçdi, emma ABŞ-nyň dollarynyň paýy rekord derejede pese gaçdy.
Merkezi banklaryň pul aktiwleri 2025-nji ýylda 6,5 göterim, nominal aňlatmada 13,1 trillion dollara çenli köpeldi. Şunda amerikan pulunyň paýy welin, bu möçberiň 56,77 göterimine çenli azaldy, öňküsi ýyl bu görkeziji 58,52 göterimdi.
Bu 1995-nji ýyldan bäri iň pes görkezijidir diýip, Halkara Pul gaznasyna salgylanýan «Rg.ru» habar berýär. Şol bir wagtda ýuan hem ätiýaçlyk gorlarda seýrek ulanylyp başlady, onuň paýy 2017-nji ýyldan bäri iň pes derejä, ýagny 1,95 göterime düşdi. Ýapon pulunyň paýy, tersine, 5,78 göterime çenli ýokarlandy, bu 2020-nji ýyldakydan bäri iň ýokary görkezijidir. Ýewro bolsa dünýä ätiýaçlyk gorlarynyň 20,25 göterimi degişli boldy.