Tibet buddizmine eýerjileriň ruhy lideri Dalaý-lama XIV «Х» sosial tordaky sahypasynda dünýäde dowam edýän gapma-garşylyklary diplomatiýa ýoly arkaly tamamlamaga çagyrdy.
Golaýda Rim Papasy Lew XIV werba ýekşenbesi bilen bagly çykyşyny ýatlamak bilen, Dalaý-lama Rim-katolik kilisesiniň ýolbaşçysynyň parahatçylyk barada çagyryşyny goldaýandygyny belledi. «Onuň ýaragy goýup, zorlukdan ýüz öwürmek barada çagyryşy mende çuňňur raýdaşlyk duýgusyny döretdi, sebäbi munuň özi ähli esasy dinleriň wagyz edýän pikiridir. Biziň hristiançylyga, buddizme, yslama, induizme, iudaizme ýa-da beýleki beýik ynançlaryň haýsysyna ten berýändigimize garamazdan, olaryň ählisiniň hem çagyryşy: söýgi, rehim-şepagatlylyk, sabyrlylyk we özerklilikdir. Men zorlugyň we gapma-garşylyklaryň tiz bes edilmegi üçin doga okaýaryn» diýip, Dalaý-lama ýazdy.