Ýakynda A.S. Puşkin adyndaky Türkmen‑rus bilelikdäki orta umumybilim berýän mekdebiň okuwçylary B. Amanow adyndaky Döwlet çagalar kitaphanasyna gezelenç etdiler.
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň saýtynda berilýän maglumata görä, kitaphananyň hünärmenleri ýaş okyjylary mähirli garşylap, olary kitaphananyň gurluş aýratynlyklary we onda alnyp barylýan işler bilen tanyş etdiler.
Kiçi ýaşly okuwçylar «Mekdebe çenli çagalar we 1–3 synp okuwçylary üçin kitaplar» bölüminde wagtlaryny şatlykly we peýdaly geçirdiler, kitaphananyň ýaş okyjylary tarapyndan çekilen ertekileriň gahrymanlarynyň şekillerini hem-de olaryň döreden ertekileriň gahrymanlary bolan gurjaklaryny gyzyklanma bilen synladylar.
Mekdebiň mugallymlary we okuwçylary kitaphananyň işgärleri bilen özlerini gyzyklandyrýan meseleler boýunça sorag‑jogap alyşdylar.