Turkmenportal logo
Düýn 10:41
46614661
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli dabara geçirildi

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň doglan gününiň 120 ýyllygy mynasybetli, «Nurmyrat Saryhanow — türkmen prozasynyň ägirdi» atly döredijilik maslahaty geçirildi. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Dabara «Şükür bagşy — erkinligiň buşlukçysy» atly edebi-sazly kompozisiýa bilen başlandy. Soňra ol edebiýatçy alymlaryň, professor-mugallymlaryň hem-de talyplaryň çykyşlary bilen dowam etdi.

Çykyş edenler ýazyjynyň ömri we döredijiligi barada gyzykly gürrüňler berdiler. Çykyşlarda N.Saryhanowyň «Şirin», «Arzuw», «Soňky öý», «Ak tam», «Giýew», «Ýagtylyga çykanlar», «Gyzgyn günler», «Aýjemal», «Garaş aga», «Ene» ýaly eserleriniň, aýratyn-da, «Kitap» hekaýasynyň we «Şükür bagşy» powestiniň türkmen edebiýaty üçin ýazyjydan miras galan edebi gymmatlyklardygy hakynda aýdyldy.

Nurmyrat Saryhanow 1906-njy ýylda Yzgantda dogulýar.