Soňky habarlar

Arhiw

Puly tygşytlamagyň 6 sany usuly

0
31699

Köp girdeji, aýyrmak, az çykdajy, deňdir tygşytlanan pul. Bu kesgitleme, köp adamlaryň pikrine mahal-mahal gelip durýar. Bu kesgitlemäni durmuşa geçirmek üçin, maşgala býujetinde ýa-da şahsy býüjetde, meýilleşdirme, çykdajylaryň gözegçiligi we seljerme ýaly birnäçe hereketleri amala aşyrmak zerurdyr. Biz bu makalda hakykatdan hem pulyny hakyky tgşytlamak isleýän adamlara kömek bolar diýen umyt bilen ýazmagy makul bildik. 

Girdejiler barada aýtsak, bu adamynyň bilimine, başarjaňlygyna, ýa-da durmuşda saýlap alan kärine hem-de hünärine baglydyr. Bu makala girdeji barada dälde, tygşytlylyk barada bolar. Dowam edeli;

1. Hasabat ýörediň

Häzirki wagtda, ýurdymyzyň ýaşaýjylarynyň aglaba böleginde internede birikdirilen smartfonlar bar. Iňlis dilinden «Smartphone» sözi, Akylly telefon diýilip terjime edilýär. Diýmek, biz bu enjamyň aklyndan peýdalanmaly. Iňlis we Rus dillerinde internediň gözleg ýerine “masgala býjeti” ýa-da “şahsy býjeti ýöretmek” diýip ýazsaňyz, size intrenet onlarça taýýar telefon priloženiýalary tapar. Bu priloženiýalarda ähli zatlar göz öňünde tutulan, ulanyjy diňe barmaklary bilen gerekli düwmeleri basyp çykdajylary girizýär. Aýyň soňunda bolsa ýygnalan maglumatlar esasynda pullaryň nirä sowulandygy baradaky hasabatlara seredýär.Çykdajylaryňyzy yzarlamagyň bu usuly iň amatly we oňaýly usuldyr. Bu usuly şu gün ulanyp başlamak bilen, bu maslahat üçin Türkmenportala sagbolsun aýdarsyňyz. Tejribede bu nähili görüner:

2. Satyn almaga gitmezden ozal alynjak harytlaryň sanawyny ýazyň

Satyn almaga gitmezden ozal alynjak harytlaryň sanawyny ýazyň, şol sanawdan çykmazlyga synanşyň. Bu näme üçin gerek? Siz marketologlaryň toruna düşmezligiňiz üçin gerekdir. Bilişiňiz ýaly häzirki wagtda harytlaryň bolçylyk döwri zat satyn almaklyk gaty gyzykly we güýmenjeli, söwda merkezlerine, marketlere ýa-da bazara gireniňizde jübiňiziň nädip boşanyny duýman galarsyňyz, sanawdaky gerekli harytlar bolsa alynman galar.

3. Çykdajylar her dürli bolýar

Çykdajylaryňyzy öňünden meýilleşdiriň. Meýileşdirmek aňsat bolmasy üçin çykdajylary ikä ýagny hemişelik we üýtgäp durýan çykdajylara bölüň. Hemişelik çykdajylar üçin - kommunal tölegleri, iýmit, telefon, internet we şoňa meňzeş tölegleriň möçberini öňünden aýyryp goýuň. Üýtgäp durýan çykdajylara - bolsa arasynda gerekli bolan çykdajylar üçin niýetläň. Şeýlelikde siziň eliňizde galýan artykmaç pullary tygşytlama we toplama mümkinçiligi dörär.

4. Maşgala buhgalterini belläň

Egerde maşgalada birnäçe adam işleýän we ýaşaýan bolsa, onda olaryň jemlenýän girdejisi we çykdajysy bar. Bu ýagdaýda ähli girdejiler we çykdajylar bir adamyň elinde jemlense amatly we tygştly bolýar. Maşgala ýygnagynda maşgala agzasynyň birini buhgalter edip bellemeklik hojalygyň maliýe işlerinde ykdysady bähbit getirer.

5. Tehnologiýalar bilen dostlaşyň

Tehnoloigiýalar biziň durmuşymyzy gurşap aldy. Eger biz olar bilen dostlaşsak onda wagtymyzy hem-de pulymyzy tygşytlarys. Mysal, eger siz öýjükli telefon ulanýan bolsaňyz, “Altyn Asyr” operatory öz abonentleri üçin her - hili amatly tarifleri teklip edýär, bularyň hemmesini oturan ýeriňizden internediň üsti bilen yzarlap bu tariflere geçip bilersiňiz . Bir tarifi mysal alsak, aýda abonentlik tölegi 20 manat bolan tarif size aýyň dowamynda 1000 minut + 200 mb internet + 300sms mümkinçiligi berýär.

Eger “Altyn Asyr” plastik kartyňzyň üsti bilen Internet-bank hyzmatyny peýdalanan ýagdaýyňyzda, otyran ýeriňizden kommunal we gary tölegleri tölemäge mümknçilik alarsyňyz.

6. Bilimiňizi artdyryň

Gitmek hem-de gelmek pulyň funksiýasydyr. Egerde siz maliýe taýdan sowatly bolsaňyz pullary kynçylyksyz dolandyryp bilersiňiz.

Soraglaryňyz bolsa info@turkmenportal.com ýollap bilersiňiz!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar