Soňky habarlar

Arhiw

Maşgala býüjeti, näme nähili?

0
10761

“Pullar niräk gidýär? Göräýmäne işleýän gazanjym bar ýöne görünýän zat ýok ” bu soragy käte öz özimize berýäs, ýa-da daş töweregimizdäkilerden eşidýäris. Elbetde, pullar siz niräk sowsaňyz şoňa gidýär. Ýöne siziň esasy soraga bermeli jogabyňyz, siz maşgala býüjetini, girdejileriň we çykdajylaryň hasabatyny ýöredýäňizmi?

Maşgala gazanjyny sowatly dolandyrmak eliňizde artykmaç pullaryň galmasyna esas bolar, gelejekde bolsa maliýe taýdan üpjün bolmagyňyzy gazandyrar. Öziňiziň we maşgalaňyzyň rasioanl (pul gatnaşyklarynda ölçegli pikirlenip çemeleşmek) bolmagy,  gündelik durmuşyňyzda  boş çykdajylaryň azalmagyna, gelejekde bolsa goşmaça girdejileriň emele gelmesini üpjün eder.

2017-nji ýylda, ykdysadyýet boýunça Nobel baýragy, “Öziňi alyp barma ykdysadyýeti” mowzugy boýunça gowşuryldy. Alymlar öziňi maliýe taýdan kadaly alyp barmazlygyň, şahsyýete täsirini ýetirýändigini subut etdiler. Bu ugurda birnäçe ylmy barlaglar geçirdiler. Barlagyň netijesi boýunça çeşmeleriň birinde şeýle diýilýär

“Maliýe serişdeleriniň dolanşygynda Her bir edara - kärhananyň ýa-da ýeke-bara şahsyň öz ulanýan kadasy tertibi bar. Çykdajylaryňy yzarlamak muňa degişlidir. Kärhanada muňa buhgalter hasaby diýilýär.Adamlar bolsa gazanan serişdelerini kellede hasaplama, pullaryny aýratyn niýetlenen bukjalarda, aýna gaplarda, ýa-da depozit bank hasaplarynda şol maksat üçin saklaýarlar. Ünüs beriň aýratyn bukjalaryň bir birine garylmaýşy, çykdajylaryň aýra-aýralykda niýetlenişi öz oňyn netijesini berýär. ”

Eger köpimiz, çykdajylarymyzy seljerip görsek, onda olaryň düzüminiň köp bölegini belki zerur bolmadyk  “boş” çykdajylaryň orun tutýandygyny göreris. Ýa-da köp adamyň, haýsydyr bir ugur boýunça seljerip berme, maslahat berme we söwda satyk edip goşmaça gazanç etme ukybynyň bardygyny görse bolar. Netije çykarmak üçin, biz şahsy gazanjymyza maliýe sowatlylyk bilen çemeleşip daş töweregimizi gurşap alýan maliýe ýagdaýdan habardar bolmaly. Ýokardaky agzalyp geçilenlerden netije pul dolanşygyny sowatly dolandyrmak  iň esasysydyr. Ýen-de ylmy barlaglardan bir bölegini dykkatyňyza ýetireli “Barlag şundan ybarat:

4-5 ýaşly çagalary bir birden otaga çagyrdylar olara eger islese azajyk mukdarda häzir, eger biraz garaşsalar onda köp mukdarda sylag beriljegini aýtdylar. Sylag hökminde bolsa zefir bilen köke ulandylar. Çaga, eger islese häzir 1 sany köke, barlaga ýolbaşçylyk edýäniň gelerine garaşan ýagdaýynda  3 sany köke alyp biljegini düşündirdiler. Çaga islendik wagty jaň jagaza kakyp ýolbaşçyny çagyrmaga hem-de ýolbaşçy gelip, çaga uly bolmadyk sylagyny berer ýaly şert döretdiler. Köp çagalar üçin bu synagyň ýerine ýetirmesi kynlyk bilen başardýardy, ýöne ähli zat çaganyň haýsy ýagdaýda garaşýanyna baglydy. Barlagyň käbir görnüşlerinde kökeler çaganyň edil öňünde durýardy.Bu ýagdaýyň çaga örän uly täsiri bardy. Sabyr edip garaşylýan wagtyň möçberi ortaça 1 minutdan köpräkdi. Emma çaga sylag görkezilmedik ýagdaýynda bolsa garaşylýan wagtyň möçberi ortaça 11 minutdan ybaratdy. Haçanda çagalara sylagyň ýerine gyzykly başga zatlar barada pikir etmeklerini haýyş edilende bolsa garaşylýan wagt ýene-de uzaýardy”       

Eger bu barlaga içgin girişsek hem-de çaganyň ýerine uly adamy goýsak, onda kökeleriň ýerine maşgala býujetini goýmaly, ýagny elimizde artykmaç pul galan ýagdaýynda köp adam ony sowmaga gyssanýar. Pulyň adama örän uly täsiri bar, şonuň üçin hem, her kim ony sowmakda ýa-da dolandyrmakda oýlanşykly çemeleşmegi artyk möçberi bolsa tygşytlamagy başarmaly.

Biziň indiki makalalarymyz nähili usullar bilen maşgala býujetini tygşytlap boljakdygy barada bolar. Biziň makalalarymyzy yzarlaň.

Eger size bu makala gyzykly bolan bolsa onda maşgala býujeti barada soraglaryňyzy biziň redaksiýamyza ýazyň.       

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar