Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Erkekler we zenanlar: olaryň arasyndaky täsin tapawutlar

0
45559

Erkekler bilen aýallaryň arasyndaky iň gyzykly tapawutlary size hödürleýäris. 

Güýçli jynsyň wekilleri köp geplemegi halamaýarlar. Sosial-psihologiki barlaglar erkekleriň we aýallaryň gepleşmegi dürli maksat bilen ulanýandygyny görkezýär. Şeýlelikde, erkekler köplenç halatda diňe maglumat alşyp-berişmek üçin gepleşýärler, zenanlar bolsa sosial aragatnaşygy saklamak üçin köplenç gepleşýärler.

Erkekler saglyk bejergisini öýde almagy göwnejaý hasaplaýarlar we lukmançylyk kömegini almak üçin hassahana zenanlardan az ýüz tutýarlar. Birnäçe gyzykly faktlar: Aýallar bilen deňeşdirilende erkekleriň süňkleri has güýçli bolýar, ýöne ýürek-damar ulgamlary örän gowşak gelýär, şeýle-de erkekleriň arasynda daltonizmiň ýaýramagy zenanlara garanyňda 20 esse ýokarydyr.

Erkekleriň ömrüniň dowamlylygy köpsanly sebäplere görä zenanlaryňkydan gysgadyr. Olaryň arasynda (çilim çekmek, alkogol içmek, sagdyn däl iýmitleri iýmek) ýaly ýaramaz endikleri edýänleri, saglyk ýagdaýyna üns bermeýänleri we ş.m juda azdyr.

Erkeklerde alada we depressiýa ýaly ruhy çökgünlikler seýrek bolýar. Geçirilen barlaglara görä, aýallaryň howsala düşmek we alada etmek ýaly ruhy bozulmalardan ejir çekmegi erkeklere garanyňda takmynan üç esse köp bolýar.

Erkekler emosiýalaryny ýüze çykarmak babatda has çydamlydyr. Beýleki adamlaryň duýgularyny kesgitlemekde we öz duýgularyny beýan etmekde aýallardan pesdedir.

Erkekleriň we zenanlaryň emosional ýady hem başgaçadyr. Aýallar möhüm wakalary has gowy ýatda saklaýarlar hem-de ýüzleri erkeklerden has gowy tanýarlar.

Erkekler, adatça, dawalary çalt çözýärler we nägileliklerini basym ýatdan çykarýarlar. Psihologlar muny erkekleriň geljege has köp üns berýändikleri we maksatlaryna ýetmek üçin tiz öňe gitmek hyjuwlary bilen baglanyşdyrýarlar. Zenanlar üçin bolsa bu möhüm — gahar-gazaba atlanmak we adalat gözlemek.

Erkekler ownuk zatlara kän bir üns bermeýärler. Olar beýleki adamlaryň daş keşbinde ýa-da özüni alyp barşynda ownuk aýratynlyklary duýmaýarlar.

Güýçli jynsyň wekilleriniň ünsi daşky gurşawa has gowy gönükdirilen, emma aýallar daş-töwerekde öz orunlaryny has gowy ýatda saklaýarlar.   

Erkekler güýç we tizlik talap edýän işjeň işlere ökdedir, zenanlar bolsa takyklygy we çeýeligi talap edýän meselelerde tapawutlydyr.

Bu tapawutlaryň diňe umumy häsiýete eýedigine, mahsuslyk aýratynlygyny özünde jemleýän umumy tendensiýalardygyna düşünmeli. Erkekleriň we aýallaryň hemmesi birmeňzeşem däldir, her adamyň özboluşly häsiýetleri, şeýle-de özboluşly aýratynlyklary bardyr.

Peýdalanylan çeşmeler: riamo.ru; xn--80afdrjqf7b.xn--p1ai

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar