Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Transmissiýa: geçiriş korobkasy we onuň görnüşleri

0
6353

Awtoulagyň beýleki ulgamlaýyn aýratynlyklary bilen bir hatarda onuň transmissiýasy, has takygy geçiriş korobkasy hem awtoulag üçin wajyp ulgamdyr. Onuň birnäçe görnüşleri we olaryň hersiniň öz aýratynlygy bardyr.

Ilkinji nobatda, awtoulagyň transmissiýa ulgamy barada aýdylanda, geçiriş korobkasy — hereketlendirijiniň şol bir aýlaw derejesinde awtoulagyň tigirleriniň dürli tizlikde hereket etmegine mümkinçilik berýär. Ol awtoulagyň wajyp taraplarynyň biri bolmak bilen, onuň esasy maksady hereketlendirijiden tekelerlere aýlanma pursadyny geçirmekden, üýtgetmekden ybaratdyr.

Geçirişi çalşyryjy korobka bat almak, togtamak, haýal sürmek we ş.m dürli şertlerde hereketlendirijiniň amatly funksional ýagdaýyny saýlamagy üpjün etmek üçin niýetlenendir. Geçirişi çalşyryjy korobkanyň birnäçe görnüşleri bolup, olaryň hersi dürli hyzmat ediş aýratynlyklary bilen tapawutlanýar.

Mehaniki geçiriş çalşyryjy korobka. Muňa gepleşik dilinde “mehanika” diýilýär. MGÇK bu ugurda iň ýönekeý we baha babatda hem amatly transmissiýa hasap edilýär. Bu ulgamda sürüji hereketi ýörite ryçagyň kömegi bilen elde çalyşýar.

Mehaniki transmissiýanyň peýdaly taraplary:

  • Ýangyjy tygşytlaýar;
  • Oňat dinamika;
  • Awtoulagy dolandyrmaga ýokary amatly mümkinçiligiň bolmagy;
  • Uzak möhletleýinligi.

Ýetmezçilikli  taraplary:

  • Nädogry işledilende hereketlendirijä zyýan ýetmegi;
  • Sürüjiniň hereketi çalyşmak üçin hemişe eli bilen ryçagy üýtgedip durmagy we ş.m.

Awtomatik transmissiýalar. Bu geçiriş korobkalaryna klassik gidroawtomat, robotlaşdyrylan transmissiýa we wariator görnüşli transmissiýa degişlidir.

Gidroawtomatik transmissiýada korobkadaky basgançaklar planetar geçiriş usulynda bolup, gidronasosda döredilýän transmissiýa suwuklygynyň basyşynyň hasabyna çalşylýar.

Gidroawtomatik transmissiýanyň peýdaly taraplary:

  • Ulagyň dolandyrylyşynyň ýönekeý bolmagy;
  • Uzak ýyllaryň tejribesine eýe bolan berkligi.

Ýetmezçilikli taraplary:

  • Bölekleýin ýygnama we gidrotransformator zerarly hereketlendirijiniň kuwwatynyň peselmegi;
  • Çalyşmada biraz eglenmegi;
  • Ýangyjy köp mukdarda ýakmagy;
  • Bejeriş işiniň we hyzmatlaryň bahasynyň gymmatdygy.

Robotlaşdyrylan transmissiýa hem edil klassik awtomat geçiriş korobkasyna çalymdaş bolup, gurluşy boýunça mehaniki transmissiýa meňzeşdir. Emma onda çalyşmak işi elektromehanik usulda bolýar.

Robotlaşdyrylan transmissiýanyň peýdaly taraplary:

  • Robot-korobka ýönekeý gurluşa eýe hem-de önümçiligi amatly baha durýar;
  • Çalyşmagy ýokary tizlikde amala aşyrylýar;
  • Bejeriş işleriniň netijesi durnukly häsiýetde;
  • Geçirişi elde geçirmek mümkinçiliginiň bolmagy.

Ýetmezçilikli taraplary:

  • Dolandyryş blogunyň ygtybarsyzlygy;
  • Gysgyç diskleriniň az resurslylygy;
  • Mehatronigiň işiniň kadasyzlygy ýa-da ulanyşdan galmak mümkinçiliginiň ýüze çykmagy;
  • Mehanika bilen deňeşdirilende transmissiýa ýagyny köp alýanlygy.

Wariator görnüşli transmissiýa ýa-da CVT ýerine ýetirýän hyzmaty babatda beýleki awtomatik transmissiýalar bilen deň, ýöne olardan özüniň gurluşy we mümkinçilikleri boýunça tapawutlanýar.

Peýdaly taraplary:

  • Kuwwatlylygy ýokary däl, şol sebäpden hem ol kiçi göwrümli ýangyçly ulaglara niýetlenen;
  • CVT ýangyç harajatyny tygŞytlaýar;
  • Bat almak mümkinçiligi kadaly.

Ýetmezçilikleri:

  • Kuwwatly motor bilen bilelikde gurnamak mümkinçiligi ýok;
  • Çalt bat almak maslahat berilmeýär, sebäbi ol wariator kemeri üçin zyýanly bolup biler;
  • Agyr tirkegleri tirkemek bolmaýar, sebäbi bu hem wariatora zeper ýetirer hem-de onuň çalt hatardan çykmagyna getirip biler;
  • Awtomat we robotlaşdyrylan transmissiýalar bilen deňeşdirilende bejerişiniň ýeterlik derejede gymmat bolmagy.

Netijede, transmissiýalaryň aýratynlygyna laýyklykda ulaglaryň kysmy we dolandyryş şertleri hem baglanyşyklydyr. Şonuň üçin transmissiýa ulgamy ulagyň mümkinçilikleriniň esasy aýratynlyklarynyň biri hasap edilýär. Bu ulgamyň bejeriş işleri bolsa häzirki wagtda Türkmenistanyň birnäçe ýerlerinde, aýratyn-da “Awtoýoly” haryt nyşanly dükanlarda ýokary hilde ýerine ýetirilýär. Transmissiýa bejeriş hyzmatlaryndan peýdalanmak ýa-da onuň bilen bagly näsazlyklary düzetmek üçin degişli salgylara ýüz tutup bilersiňiz.

“Awtoýoly” haryt nyşanly dükanlaryň hyzmat ediş nokatlary:

  • “Berkarar” söwda-dynç alyş merkezi: +99312 46-91-02; 1972 (Atatürk) köçesi, 82-nji salgydaky awtoulaglara hyzmat ediş we söwda nokady;
  • Ankara (Ýubileýnaýa) köçesi: +99312 45-48-16.

 

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar