Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Tormoz suwuklygyny näme üçin çalyşmaly

0
25934

Tormoz suwuklygy wagtyň geçmegi bilen özüne çygy siňdirýär, suwuň gaýnama derejesiniň pes bolanlygy sebäpli, suwuklygyň gaýnaýşy hem pes bolýar. Suwuklygyň gaýnaýan wagty ulgamda basyşyň peselmegine we tormoz çarhynyň näsazlygyna getirýän howa köpürjikleriniň emele gelmegine getirýär. Goşundylar  hem wagtyň geçmegi bilen bölünip çykýar we suwuklyk düzümini ýitirýär. Tormoz suwuklygyny her geçilen 40 müň kilometrden soň çalyşmagy maslahat berýärler.

Täze suwuklygy guýmagyň zerurlygynyň esasy alamatlary

Tejribeli awtoulag sürüjileri tormoz ulgamynyň suwuklygyny täzelemegiň zerurlygy babatda birnäçe möhüm maslahatlary berýärler. Olaryň esasylary şulardan ybarat:

  • suwuklygyň ýeterlik ýagdaýynda tormoz tutuşynyň peselmegi. Suwuň düzümi 3%-e ýeten ýagdaýynda suwuklygyň gaýnama derejesi 30-50°C-e çenli peselýär. Bu bolsa ulgamda howanyň ýygnanyp, dykynyň emele gelmegine sebäp bolýar. Ýagny, ol tormozyň ýaramazlaşmagyna sebäp bolýar;
  • suwuklygyň ýaramlylyk möhletiniň dolmagy. Ol ortaça 2 ýyl diýlip kesgitlenýär. Hünärmenler ulanylan awtoulag satyn alnanda onuň ähli tehnologik suwuklyklaryny, şol sanda tormoz suwuklygyny-da çalyşmagy maslahat berýärler;
  • ulgamyň elementlerinde poslamanyň, zeper ýeten yzlaryň peýda bolmagy. Suwuň ýygnanmagy diňe bir temperatura aýratynlyklaryna täsir etmän, eýsem poslama garşy öndürijiligiň peselmegine hem sebäp bolýar;
  • tormoz ulgamyny abatlamak, onuň şlanglaryny, supportlaryny we beýleki böleklerini çalyşmak;
  • bakda gatlaklaryň peýda bolmagy.

Görnüşleri:

Tormoz suwuklygy birnäçe görnüşde bolup, onuň görnüşlere bölünmeginiň esasynda suwuklygyň gaýnama temperaturasy we DOT normalaryna laýyklykda kinematik ýapyşyklylygy durýar. DOT normalary (Department of Transportation) ABŞ-nyň ulag ministrligi tarapyndan kabul edilen normalardyr. Şunlukda, tormoz suwuklyklarynyň DOT 3, DOT 4, DOT 5, DOT 5.1 ýaly görnüşleri tapawutlandyrylýar. Görnüşiň klassy pes boldugyça, onuň hili hem pes bolýar, sebäbi klassy peseldigiçe, suwuklygyň gigroskpik häsiýeti ýokary bolýar.

Tormoz suwuklygyny nirede çalşyp bolýar?

Tormoz suwuklygyny öz wagtynda çalyşmak, onuň ýokary hilli görnüşlerini awtoulagyň guratlygy üçin ulanmak göz öňünde tutmaly ýagdaýlaryň biridir. Munuň üçin bolsa Türkmenistanyň ähli sebitlerinde, şol sanda Aşgabat şäherinde öz dükanlary we olardaky döwrebap hyzmatlary bilen sürüjilere ýardam edýän “Awtoýoly” haryt nyşanyny göterýän düknlarynyň hyzmatlar merkezine ýüz tutmak bolar. Sebäbi bu dükanlarda tormoz suwuklyklarynyň  dürli ýokary hilli  klasslaryny tapmak bolýar. Şunuň bilen birlikde, “Awtoýoly” serwislerinde ony çalyşmak hyzmaty hem tejribeli ussalar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Habarlaşmak üçin maglumatlary şu salgydan alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar