Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Antifrizi çalyşmak we onuň ähmiýetli aýratynlyklary

0
26862

Antifriz — sowadyjy suwuklyk bolup, awtoulagyň hereketlendiriji ulgamynyň doňmagynyň öňüni almaga ýardam edýär. Özüniň düzümine laýyklykda, antifriz has pes temperaturada hem doňmaýar we ol ozallar radiator üçin ulanylan suwdan bolsa görnetin täsirlidir.

Antifriz näme üçin ulanylýar?

Antifriziň esasy ýerine ýetirýän wezipesi — hereketlendirijini sowatmak. Bu suwuklyk ýörite nasosyň esasynda ulgamda aýlanyp, hereketlendirijini sowadýar we ony kadaly temperaturada saklaýar. Mundan başga-da, himiki suwuklyk awtoulagyň sowadyş ulgamyny doňmak howpundan, şol sanda korroziýadan we nagar tutmadan goraýar. Mundan başga-da, antifriz rezin şlanglaryň we ulgamyň plastmassa bölekleriniň guramagynyň hem-de ýarylmagynyň öňüni alýar. Şeýlelik bilen, antifriz motoryň daşky gurşaw temperaturasynda işlemegine mümkinçilik berýär.

Antifrizi yzygiderli çalyşmak zerurmy?

Bu soraga elbetde “hawa” diýip çürt-kesik jogap berip bolar. Islendik awtoulag sürüjisi hem awtoulagda hereketlendirijiniň ýagyny yzygiderli çalyşmagyň zerurdygyny bilýär. Ýöne antifriz babatda düşünilişi başgaçadyr. Käbir sürüjiler antifrizi çalşyp durmak o diýen bir wajyp zat däldir diýen düşünjede bolýar. Emma onuň soňlugy bilen uly zyýanlara getirip bilýänligi bolsa hakykat.

Aslynda, wagtyň geçmegi bilen antifrizi düzýän peýdaly goşundylar özboluşlylygyny ýitirýär. Netijede, suwuklygyň poslama garşy we goraýjy aýratynlyklary peselip, diwarlarda we sowadyş ulgamynyň ýollarynda poslar peýda bolýar. Pos bölekleri radiatory ýapyp ýa-da termostata zeper ýetirip biler. Bu bolsa hereketlendirijiniň aşa gyzmagyna getirýär, hatda ol geljekde hereketlendirijiniň doly döwülmegine hem sebäp bolup biler.

Antifrizi haçan çalyşmaly?

Köplenç öndürijiler öz tehniki suwuklyklarynyň hyzmat möhletini görkezýärler. Siz olary internetde ýa-da antifriziň gaplarynda görüp bilersiňiz. Adatça, sowadyjynyň hyzmat möhleti iki ýyl diýlip kesgitlenýär. Şonuň ýaly-da, dört ýyla golaý uzak wagtlap täsirini ýitirmeýän antifrizler hem bar.

Antifrizi möhletinden öň hem çalyşmaly ýagdaýlary ýüze çykyp biler. Şunuň bilen baglylykda, käbir tehniki ýagdaýlara görä, onuň reňkiniň üýtgemegi ýa-da kadaly möçberinden azalan ýagdaýynda suwuklygy çalyşmak maslahat berilýär.

Antifrizleriň ýokary hilli hem-de amatly görnüşlerini Türkmenistanyň birnäçe ýerlerindäki awtoulag serwislerinden, şol sanda awtoulag sürüjilerine kepillikli ätiýaçlyk şaýlaryny we hyzmatlary hödürleýän “Awtoýoly” haryt nyşanly dükanlardan tapmak bolýar. “Awtoýoly” dükanlaryndan antifrizleriň dürli görnüşlerini satyn alyp, şeýle-de ony çalyşmak ýa-da doldurmak, eger antifriziň möçberi ýygy-ýygydan kadaly ölçeginden azalýan bolsa, onuň sebäbini bilmek we çözgüdini tapmak ýaly hyzmatlardan peýdalanyp bilersiňiz. Habarlaşmak üçin maglumatlary şu salgydan alyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar