Soňky habarlar

Archive news

Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry

0
8036
Salgysy:
г. Дашогуз, ул. Героглы, 43
Telefon belgiňiz:
8003-22-9-13-27

Teatryň salgysy: Daşoguz şäheriniň Görogly köçesiniň 43-nji jaýy.

Telefon belgileri: kabulhana  8003-22-9-13-27. 


1938-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry professional teatr hökmünde öz işine başlaýar. 

Teatryň şol döwründäki döredijilik toparynyň hatarynda Hamyt Rahymow, Röwşen Bekjanowa, Enebibi Rustamowa  ýaly zehinli artistler zähmet çekýärler. Teatryň işläp başlan ilkinji ýyllarynda N.Gogolyň «Öýlenmek», K.Goldonynyň «Iki hojaýynyň hyzmatkäri», U.Gajybekowyň «Arşyn mal alan»,   A.N.Ostrowskiniň «Garyplyk aýyp zat däl», A.Gowşudowyň «Juma» ýaly eserleri sahnalaşdyrylyp tomaşaçylara hödürlenilýär.

1941-1945-nji ýyllaryň urşunyň başlanmagy bilen teatryň köp işgärleri fronta gidýärler. Şeýle-de bolsa teatr kynçylykly şertlerde öz işini dowam etdirip, harby-watançylyk temasyndan «Okkupantlara ölüm», «Edermenlik», «Watana söýgi» ýaly  oýunlary döredýär. Ol sahna oýunlary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanýar. «Okkupantlara ölüm» oýnunda H.Rahymow, R.Begjanowa, N.Hojaýew ýaly artistler şowly keşpleri döredýärler. Teatryň agzybir  döredijilik topary örän jebis, tutanýerli işläp, döwrüň talaplaryna mynasyp jogap bermegi başarýar.

1949-njy ýylyň 1-nji martyndan başlap sazly drama teatr öz işini togtadýar.

1956-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Daşoguz welaýatynyň sazly drama teatry ýene-de öz işine başlaýar hem-de G.Muhtarowyň «Şadyýan myhman» atly komediýasy bilen teatr möwsümini açýar. Şol döwürlerde teatrda G.Muhtarowyň G.Seýitliýew bilen bilelikde döreden «Bagbanyň gyzy», A.Makaýonogyň «Lewonynyň aýaly orbitada», A.Arbuzowyň «Uzak ýol», A.N.Ostrowskiniň «Giçki söýgi», B.Lawrenýowyň «Döwlüşik» ýaly eserleri sahnalaşdyrylýar. 

Teatrda Artyk Jallyýew, Enegül Allanowa ýaly belli artistleriň zähmet çekmegi, ýaş artistlere halypaçylyk goldawynyň berilmegi sahnalaşdyrylýan spektakllaryň barha kämilleşmegine ýardam edýär.

1962-nji ýylyň dekabr aýynda döwrüň käbir sebäplerine görä işi togtadylan teatr 1967-nji ýylyň 1-nji aprelinde döwlet sazly drama teatry ady bilen täzeden açylýar. Aşgabadyň şol döwürdäki Gara Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumynyň teatr bölümini, Mollanepes adyndaky akademiki drama teatrynyň  teatr studiýasyny tamamlan ýaşlaryň uly topary bu teatra işe gelýärler. 

Teatr özüniň şol gezekki açylyş möwsüminde G.Muhtarowyň we G.Seýitliýewiň «Bagbanyň gyzy» atly sazly, gülküli sahna eserini öz tomaşaçylaryna görkezýär.

Teatr jemgyýetçiligi we tomaşaçylar artistler Atamyrat  Ataýewiň, Orazgül Apbasowanyň, Narjan Halmyradowanyň döreden täsirli sahna keşplerine ýokary baha berýärler.

1968-nji ýylyň fewral aýynda ýaş tutanýerli artistleri dramaturglar H.Çaryýew bilen B.Amanowyň «Zöhre-Tahyr» sazly dramasyny sahnalaşdyrýarlar. 

Soňra dürli ýyllarda B.Seýtäkow bilen M.Seýitnyýazowyň «Gyz salgydy», M.Kerimiň «Aýgülüstan», A.Agabaýewiň «Leýli-Mežnun», B.Wahabzadanyň «Ýagyşdan soň», H.Meläýewiň «Ýoldaky söweş», G.Muhtarowyň «Owadan», H.Gulamyň «Daşpalta aşyk», Ç.Aşyrowyň we B.Bäşimowyň «Alňasama Annamyrat», B.Seýtäkowyň «Doganlar», A.Mämiliýew bilen B.Suhanowyň «Satylan düýş», M.Nazarowyň «Dost goly  hemaýat», Ş.Rahmatulliniň «Ölümiň öň ýanynda» ýaly spektakllary teatr tomaşaçylaryna hödürlenildi. 

Şeýle hem teatrda sahnalaşdyrylan A.Makaýonogyň «Tribunal», A.Gylyjow bilen S.Öräýewiň «Köýten nalasy», Hamzanyň «Baý we batrak», A.N.Ostrowskiniň «Düşewüntli orun», Ş.Gurbanowyň we S.Aleskerowyň «Millioneriň gedaý ogly», J.B.Molýeriň «Zoraýakdan lukman bolan», T.Hojakgaýewiň «It gyrkýan hojaýyn», G.Stepanskiniň «Arwah» ýaly oýunlary tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. 

Daşoguzyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatry Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halkynyň gadymdan gözbaş alyp gaýdýan edebi akabalaryny, sungat däplerini, adalaty, erkinligi, agzybirligi, mertligi we bitewüligi wasp edýän, halkymyzyň ruhuna kybap gelýän ençeme eserleri sahnalaşdyrdy.

Olardan dramaturglar K.Nurbadowyň «Horazjygyň başdan geçirenleri», B.Mukaýewiň «Ömürde doýulan gije», G.Ýollyýewiň «Andalyp», O.Annadurdyýew bilen R.Gurbanowyň «Gopuzyň owazy», S.Myradowyň «Intizar», G.Daňatarowyň «Habyl bilen Kabyl», B.Bäşimowyň «Kärli ýigit, ýarly ýigit», T.Hojakgaýewiň «It gyrkýan hojaýyn», J.Meredowyň «Görogly» eposy esasynda döreden «Kempir», O.Haşymowyň «Toýdan öňki tomaşa», J.Meredowyň «Ak kömelek», G.Baýmedowyň «Ybraýym Halyl», Ö.Öwezowyň «Synag», «Ajaýyp säher», G.Baýmedowyň «Seždegähim — Watandadyr», Ö.Öwezow bilen T.Ýaýlanowyň «Oguz gudraty»,  M.Öwezowyň «Ýazgyt», «Kämillik şapagy», M.Baýjyýewiň «Üçünji gala» ýaly sahna oýunlaryny agzamak bolar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde teatrda kämil spektakllary sahnalaşdyrmak üçin ähli mümkinçilikler döredildi. 

Teatra serpaý edilen ähli amatlyklary bolan, döwrebap enjamlar ornaşdyrylan täze binasynyň 500 orunlyk tomaşa zaly bar. Bu ajaýyp binada ýörite iş otaglary, ýörite ambarlar, ussahanalar, tehniki kömekçi otaglar, sazandalar üçin niýetlenen ýer, ses ýazyjy merkez ýerleşýär.

Binanyň birinji gaty tomaşaçylara we sahna hyzmat edýän ulgamdan ybaratdyr. Muňa petek gaznalary, eşik saklanylýan otaglar, artistler üçin serenjamhanalar, sahna çykmak üçin garaşylýan otag, teatrda görkezilýän oýunlaryň bezegleriniň saklanylýan ýeri, kitaphana, kafe we beýleki durmuş hajatlary üçin ulanylýan otaglar degişlidir. 

Bu ajaýyp binanyň ikinji gatynda girelge eýwany ýerleşýär. Ikinji gata çykylýan basgançaklar arkaly tomaşaçylar eýwanynyň balkonyna çykmak mümkin. Bulardan daşary ikinji gatda 75 orunlyk kiçi göwrümli tomaşalaryň geçirilýän ajaýyp eýwany ýerleşdirilendir. Oýunlara taýýarlyk görülýän kiçi eýwan hem şu gatda ýerleşýär. 

Ikinji gatyň sahna bölüminde serenjamhanalar, eşik tikilýän we eşik saklanýan otaglar bar. Şeýle-de bu gatda teatryň döredijilik toparynyň ýolbaşçylarynyň iş otaglary, lukmanyň otagy hem-de tehniki taýdan hyzmat edýän otaglar ýerleşýär. Teatryň ses we yşyk ulgamlary, şeýle-de içki bezegi dünýä ölçeglerine gabat gelýän derejede ýerine ýetirilendir. Binanyň ýyladyş, sowadyş ulgamlary hem ýokary derejede gurnalypdyr. 

Binanyň öň tarapynda gurlan ajaýyp suw çüwdürimleri gijelerine yşyk bilen ýagtyldylýar we binanyň görküne görk goşýar. Ulag goýmak we dynç almak üçin niýetlenen meýdançalar bezeg yşyklary, ýörite oturgyçlar bilen bezelendir. Bulardan başga-da suw içmek üçin  niýetlenen suw çüwdürimjekleri binanyň daşky gözelligine gözellik goşýar.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen türkmen teatr sungaty barha gülläp ösýär. Häzirki wagtda teatrda bagtyýarlyk döwürmiziň ajaýyp keşbini janlandyrýan ençeme spektakllar sahnalaşdyrylyp tomaşaçylara ýetirildi. 

Olardan dramaturglar Ö.Öwezowyň «Nurmuhammet Andalyp» (rež. B.Hallyýew), G.Daňatarowyň «Bir bakyşda söýen ýarym» (rež. G.Baýmetow), N.Rejebowyň «Sahawat derýasy» (rež. B.Hallyýew), J.Hudaýgulyýewiň «Oguz rowaýaty» (rež. B.Hallyýew), G.Rejebowyň «Ýakma bişersiň» (rež. G.Baýmetow), G.Nazarowyň «Sawçylar» (rež. G.Baýmetow) ýaly spektakllary teatr tomaşaçylarynyň söýgüsini gazandy. 

«Andalyp», «Bagtyýarlyk kenary», «Bibijan», «Jadyly tüýdük», «Kämillik şapagy», «Oguz rowaýaty» Gahryman Arkadagymyzyň yglan eden Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň spektakllary bolup, olar tomaşaçylaryň uly höwes bilen tomaşa etmäge gelýän kämil sahna eserleridir.


Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň