
BŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy Türkmenistanyň medeniýet ministrligi bilen bilelikde Ari Roland jaz saz toparynyň 31-nji martdan 6-njy aprele çenli Türkmenistanda birnäçe köpçulik üçin açyk konsertlerini gurnaýar.
Ari Roland jaz saz topary Nýu-Ýork şäherinde işleýän we ýaşaýan dört sany jaz sazandalaryndan ybaratdyr. Olar: Ari Roland-basçy, Jon Moska-trombon, Zaid Nasser-alt-saksofonçy we Kit Balla-deprekçi. Olar halkara turlaryna gatnaşyp, ençeme ýazgylary amala aşyrdylar. Olaryň maksatnamasy aprel aýynda bütin dünýäde Jaz taryhy aýynyň bellenmeginiň bölegi bolup, Türkmenistana janly sazy getirýär. Bu saz maksatnamasy amerikan sazy we medeniýeti arkaly Birleşen Ştatlar bilen dünýäniň beýleki ýurtlarynyň arasynda medeni alyş-çalyşy geçirmek üçin düzülendir. Toparyň ýolbaşçysy Ari Roland üçin bu eýýäm Türkmenistana bäşinji sapar bolar.
Topar şu aşakdaky şäherlerde köpçulik üçin açyk konsertler bilen çykyş eder:
31-nji mart, 19:00 - Balkanabat şäheri – Balkan welaýatynyň Beýik S.Türkmenbaşy adyndaky Döwlet sazly drama teatry
1-nji aprel, 19:00 – Türkmenbaşy şäheri – Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Sport we medeniýet toplumynyň konsertler zaly.
4-nji aprel – Aşgabat şäheri - “Watan” kinokonsert merkezi
6-njy aprel – Daşoguz şäheri - N. Andalyp adyndaky Döwlet sazly drama teatry
Konsertler üçin giriş mugt we hemmeler üçin açykdyr. Bu konsertlerden başga topar Aşgabat şäherinde talyplar we sazandalar üçin ussatlyk sapaklaryny geçirer.
Goşmaça maglumat almak üçin ABŞ-nyň Ilçihanasynyň Maglumat we medeniýet bolümine (+99312) 473503 we (+99312) 473506 telefon belgileri arkaly ýüz tutmagyňyzy haýyş edýäris.
Başga-da bu temada

Konsertler
|22.11.2025
2421
Türkmenistan kinokonsert merekeziniň afişasy

Konsertler
|01.11.2025
9322
«Mekdebe öwrülen ömür» atly Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almamedowyň we onuň şägirtleriniň sergisi

Çagalara
|31.05.2025
26319
Çagalary goramaklygyn güni mynasybetli @nur_art_school ähliñizi art baýramçylygyna çagyrýar!

Konsertler
|23.05.2025
22164
