Soňky habarlar

Arhiw

Harytlar, işler we hyzmatlar bilen üpjün edijileri saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edildi

0
2627
Salgysy:
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy
Telefon belgiňiz:
(+993 12) 39-46-32, 39-46-38, 39-46-39.
Web adres:
e.fineconomic.gov.tm
Soňky täzelenme:

1. LOT ¹ 29.
Olimpiýa şäherçesiniň binalaryndaky we desgalaryndaky LED çyralara tehniki taýdan hyzmat etmek.
Buýrujy: Aşgabat şäher häkimligi.

2. LOT ¹ 95.
Gullugyň elektron habar beriş toplumlarynyň enjamlaryny hem-de inženerçilik-tehniki desgalarynyň gurluşygy üçin serişdeleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugy.

3. LOT ¹ 248.
Degişli düzümler üçin ýörite gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

4. LOT ¹ 307.
Olimpiýa şäherçesiniň binalarydyr desgalarynyň ýangyn söndüriji we duýduryjy ulgamlaryna tehniki taýdan hyzmat etmek.
Buýrujy: Aşgabat şäher häkimligi.

5. LOT ¹ 407.
Welaýat jemagat hojalygy birleşigi üçin ýol çyzgylaryny çyzmak hem-de ýol geçelgelerini bellik etmek üçin boýag we goşmaça serişdeleri satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

6. LOT ¹ 416.
Ministrligiň degişli edarasy üçin ýük we ýörite awtoulaglaryň howa hem-de ýag-ýangyç süzüjilerini (filtr) satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

7. LOT ¹ 489.
Olimpiýa şäherçesiniň binalarydyr desgalaryndaky merkezi ýyladyş ulgamyna, dizel generatorlaryna, elektrik ulgamlaryna zerur bolan ätiýaçlyk şaýlary hem-de ýörite aýnalary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

8. LOT ¹ 491.
Olimpiýa şäherçesiniň binalarydyr desgalaryny üznüksiz tok çeşmesi bilen üpjün edýän enjam üçin ätiýaçlyk şaýlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

9. LOT ¹ 517.
Türkmenbaşy şäherindäki 100 orunlyk ýokanç keseller hassahanasynyň daşky gaz üpjünçiliginiň gurluşygy üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

10. LOT ¹ 520.
Degişli düzümler üçin nikaplaýjy toplumy satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

11. LOT ¹ 521.
Aşgabat şäher häkimliginiň ulag jaýyna degişli binalarda hem-de desgalarda bölekleýin abatlaýyş işlerini geçirmek üçin enjamlary we harytlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

12. LOT ¹ 536.
Ministrligiň garamagyndaky awtoulag tehnikalary üçin tekerleri satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Goranmak ministrligi.

13. LOT ¹ 555.
Şäheriň «Köşi» ýaşaýyş toplumynyň günbatarynda guruljak 68 sany ýaşaýyş jaýynyň daşky eltiji inženerçilik ulgamlaryny gurmak üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Aşgabat şäher häkimligi.

14. LOT ¹ 557.
Gökdepe etrabynyň Köpetdag geňeşligindäki täze, döwrebap obanyň daşky hem-de içerki ýollarynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

15. LOT ¹ 562.
Harby bölümiň daşky inženerçilik ulgamlaryny (suw, gaz, elektrik) geçirmek üçin gurluşyk harytlaryny satyn almak.
Satyn alyjy: Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugy.

16. LOT ¹ 557.
Gökdepe etrabynyň Şorgala obasynyň suw geçiriji ulgamynyň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Ahal welaýat häkimligi.

17. LOT ¹ 566.
Balkanabat şäheriniň Nebitçiler köçesiniň ugrunda ýerleşýän 500 orunlyk medeniýet öýüniň gurluşygy üçin gurluşyk harytlaryny we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Balkan welaýat häkimligi.

18. LOT ¹ 567.
Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Mary — Türkmenabat böleginiň daşky agyz suw üpjünçiligi üçin harytlary we enjamlary satyn almak.
Satyn alyjy: Mary welaýat häkimligi.

Bäsleşik 2023-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda geçirilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalary, harytlary (işleri, hyzmatlary) üpjün etmek boýunça şertler, möçberler we beýleki materiallar baradaky maglumatlary şu salgyda ýerleşýän bäsleşik toparyndan hem-de ýüztutmalar esasynda alyp bilersiňiz: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 156-njy jaýy — Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi. 

Telefon belgileri: (+993 12) 39-46-32, 39-46-38, 39-46-39.

Maglumatlar e.fineconomic.gov.tm internet sahypasynda hem ýerleşdirildi.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler