Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde öň yglan edilen bäsleşigiň möhletini uzaldýar.

0
3469
Salgysy:
город Аркадаг, Аркадаг шаёлы, 30.
Telefon belgiňiz:
+99312 57-29-08.
Pocta:
adk@sanly.tm
Soňky täzelenme:

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komiteti Arkadag şäheriniň häkimligi bilen bilelikde, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda gurulmaly şu binalaryň taslamalaryny düzmek we gurmak boýunça öň yglan edilen bäsleşigiň möhletini uzaldýar.

— awtotoplumy we bellige alyş nokadyny;

— awtomobil menzilini;

— Gorjaw etrap häkimliginiň edara binasyny;

— saglyk öýüniň binasyny.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Arkadag şäheriniň Arkadag şaýolunyň 30-njy jaýynda ýerleşýän şäher häkimliginiň edara binasynda şu ýylyň 25-nji awgustyna çenli kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: +99312 57-29-08.

Elektron salgysy: adk@sanly.tm

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler