Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Oba hojalyk ministrliginiň buýurmagynda halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär

0
4607
Salgysy:
г.Ашхабад, Арчабил шаёлы, 84.
Telefon belgiňiz:
44-46-64, 44-46-77.
Soňky täzelenme:

Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Oba hojalyk ministrliginiň buýurmagynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynda kuwwatlylygy sekuntda 2,13 kub metr bolan «Ýaşyl depe» suw göteriji bekedini, onuň suw sorujy we basyşly suw geçirijilerini gurmak, gerek bolan suw göterijileri we elektrik hereketlendirijileri gurnamak hem-de elektrik bekediniň durkuny täzelemek boýunça halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär.

Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary, teklipleri Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Haýyşnamalar 2023-nji ýylyň 7-nji sentýabryna çenli kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-46-64, 44-46-77.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler