Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy 2023/2024-nji okuw ýyly

0
20322
Soňky täzelenme:

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasy 2023/2024-nji okuw ýyly  üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Weterinariýa we zootehniýa (hünär: atçylyk; weterinar lukmançylygy).

II. Bakalawr maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Weterinariýa we zootehniýa (taýýarlygyň ugurlary:

seýisçilik; weterinar we sanitar ekspertizasy).

2. Bedenterbiýe we sport (taýýarlygyň ugurlary:

atly sport we atly syýahatçylyk; milli at üstündäki oýunlar).

3. Sahna sungatlary we edebi döredijilik (taýýarlygyň ugurlary: sirk sungaty).

4. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda). Akademiýa Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde) 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki on iki sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • — pasportyny;
  • — harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär: Ahal welaýaty — awgust aýynyň 2-si, 4-i we 6-sy günleri;

  • Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 3-i, 5-i we 7-si günleri;
  • Mary welaýaty — awgust aýynyň 8-i, 10-y we 12-si günleri;
  • Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 9-y, 11-i we 13-i günleri;
  • Lebap welaýaty — awgust aýynyň 14-i, 16-sy we 18-i günleri;
  • Balkan welaýaty— awgust aýynyň 15-i, 17-si we 18-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

  • hünärler: atçylyk, weterinar lukmançylygy — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
  • taýýarlygyň ugurlary: seýisçilik, weterinar we sanitar ekspertizasy — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
  • taýýarlygyň ugurlary: atly sport we syýahatçylyk, milli at üstündäki oýunlar — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
  • taýýarlygyň ugry: sirk sungaty — saýlanan taýýarlygyň ugry boýunça ukybyny barlamak, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;
  • taýýarlygyň ugurlary: oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy, buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. 

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň salgysy: Arkadag ş., Aba Annaýew şaýoly, 30, tel.: 57-80-38. 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler