«Aziýanyň Merjeni» - syýahat operatory

0
29035
Salgysy:
г. Ашгабат, ул.1958, д.40 (ресторан Бягуль, 2-ой этаж).
Telefon belgiňiz:
22-44-64; 14-34-33; (+993 64) 14-34-33.
Pocta:
aziyamerjeni@gmail.com
Web adres:
www.aziyamerjeni.com
Soňky täzelenme:

Özüniň ýaşlygyna garamazdan, syýahatçylyk hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde öňdebaryjylaryň biri bolup durýar. Kärhanada syýahatçylyk pudagynda köp ýyllyk tejribesi bolan hünärmenleriň işlemegi bolsa, müşderilere ýokary hilli hyzmatlary ýerine ýetirmäge ýardam berýär. Kärhananyň işgärleri siziň üçin iň oňat syýahat ugurlaryny saýlap bererler. Daşary ýurtlara ugradyş bölümi GDA, Aziýa we Ewropa ýurtlaryna syýahat bukjalaryny hödürleýär.

Russiýa, Belarus, Gazagystan, Özbegistan, Azerbaýjan, Täjigistan, Ukraina, Hytaý, Hindistan, Eýran ýurtlaryna wizalary resmileşdirýär.

Türkeý, Birleşen Arap Emirlikleri, Taýland, Wýetnam, Kambodja, Maldiwler, Koreýa, Ýaponiýa, Malaziýa, Singapur, Iindoneziýa syýahat edip dynç almak isleýänler üçin otellerde öňünden bron etmek, aksiýalary we arzanladyşlary hödürleýär.

Size Ýewropa boýunça awtobusda syýahatlar, gezelençler we kruizler garaşýar. Germaniýa, Awstriýa, Fransiýa, Italiýa, Şweýsariýa, Niderlandlar, Belgiýa, Şwesiýa, Daniýa, Çehiýa, Polşa, Bolgariýa we beýleki ýurtlarda arzuwlaryňyzdaky syýahatlar.

8 ýap, Nohur, Kyrk gyz, Köw Ata, Garagum ýalkymy we Köneürgenç şäherlerine syýahat edip, ýurdumyzyň haýran galdyryjy künjeklerini özüňiz üçin açyp bilersiňiz.

Beýik Ýüpek ýoly boýunça syýahat etmek isleýän daşary ýurtly jahankeşdeler üçin kabul ediş bölüminiň hünärmenleri syýahat ugryny düzerler, myhmanhana hyzmatlary, amatly ulag bilen üpjün ederler we gyzykly ugurlary saýlamaga maslahat bererler.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler