Türkmenistanyň «Türkmenistan» Döwlet täjirçilik banky damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurnamak boýunça bäsleşik yglan edýär

0
10561
Salgysy:
Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 79-njy jaýy.
Telefon belgiňiz:
(+99312) 44-02-94, 44-02-96.
Soňky täzelenme:

Türkmenistanyň «Türkmenistan» Döwlet täjirçilik banky damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurnamak üçin aşakdaky lotlar boýunça bäsleşik yglan edýär.

Lot ¹ 1 — Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň «Üzümçilik» daýhan birleşiginiň çäginde ýerleşýän meýdanyň 200 gektar ýer böleginde ekilen agaç nahallaryna damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurnamak.

Lot ¹ 2 — Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Altyn asyr» daýhan birleşiginiň çäginde (Aşgabat — Daşoguz awtoulag ýolunyň gündogarynda, 45 kilometrliginde) ýerleşýän meýdanyň 215,50 gektar ýer böleginde ekilen agaç nahallaryna damjalaýyn suwaryş ulgamyny gurnamak.

Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplar degişli maglumatlary bankyň merkezi edarasyndan sagat 9:00-dan 17:00-a çenli alyp bilerler.

Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) iş gününiň dowamynda kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 79-njy jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+99312) 44-02-94, 44-02-96.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler