Top.Mail.Ru

2022ý. - Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň 10-njy synp okuwçylary üçin ýaşaýyş-durmuş esaslary dersinden geçiriljek synpdan synpa geçiş synaglarynyň soragnamalary

1
18289
Soňky täzelenme:

1-nji soragnama


1. Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» döwlet maksatnamasy, onuň  esasy maksady we  ähmiýeti.

2. Ýetginjekleriň saglygyna  iýmitlenmegiň täsiri.

3. Ahlak we ahlaklylyk barada düşünje.

 

2-nji soragnama


1. Türkmenistanda ýetginjekleriň sagdyn ýaşaýyş durmuşy hakda döwlet  tarapyndan edilýän aladalar.

2. Ýaşlary maşgala durmuşyna taýýarlamakda sagdyn durmuş ýörelgesiniň tutýan orny.

3. Jemgyýetde özüňi alyp barmagyň edep-kadalary.

 

3-nji soragnama


1. Reproduktiw (önelge) saglygy barada düşünje

2. Ýokanç (infeksion) keseller we olaryň döremeginiň öňüni alyş çäreleri.

3. Şahsy gigiýenanyň düzgünleri we olary berjaý etmegiň zerurlygy.

 

4-nji soragnama


1. Türkmenistanyň Prezidentiniň köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty ösdürmek syýasaty.

2. Saglyk üçin peýdaly we zyýanly endikler.

3. Sagdyn iýmitlenmegiň piramidasy.

 

5-nji soragnama


1. «Paýhas çeşmesi» kitabyndaky saglyk baradaky nakyllar we atalar sözi.

2. Zäherli haýwanlar (mör-möjekler, möýler, sakyrtgalar, ýylanlar) we olardan goranmak. Zäherli ýylan çakanda zäherlenmede ilkinji kömek.

3. Ýaş maşgalanyň özara gatnaşygynda, agzybirliginde we berkemeginde milli däp-dessurlaryň ähmiýeti.

 

6-njy soragnama


1. Türkmenistanda eneligi we çagalygy goramak baradaky döwlet syýasaty.

2. Kesilmeler we gan akmalar. Gan akmalarda berilýän ilkinji kömek.        

3. Guduzlama keseli. Nätanyş haýwanlardan, aýratyn hem ýabany görnüşlerinden, seresap bolmak.

7-nji soragnama


1. Erkekleriň we zenanlaryň deň hukuklylygynyň konstitusiýa esaslary. Gender gatnaşyklary.

2. Umumy we şahsy gigiýena bolan talaplar.

3. Ýangyn we onuň döremeginiň sebäpleri. Ýangyn döremeginiň öňüni almak.

8-nji soragnama


1. Ynsanperwerlik düşünjesi. Ýaşlary ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde türkmen halkynyň däp-dessurlarynyň orny.

2. Ýokanç aşgazan-içege keselleriniň döremeginiň sebäpleri.

3. Suw joşgunlarynda özüňi dogry alyp barmagyň düzgünleri.

 

9-njy soragnama


1. «Paýhas çeşmesi» kitabyndaky ahlak we ahlaklylyk baradaky nakyllar we atalar sözi.

2. Nädogry iýmitlenmekde ýüze çykýan keseller we olaryň öňüni almagyň ýollary.

3. Bedeni taplamagyň düzgünleri.

 

10-njy soragnama


1. Adam saglygy hakdaky  alada ─ döwletiň esasy aladasydyr.

2. Ýer titremeleri ─ tebigy betbagtçylykly hadysadyr. Ýer titremesinde özüňi  we köpçüligiň howpsuzlygyny goramagyň kadalary.

3. Telewizoryň we kompýuteriň şöhleleriniň ynsan saglygyna ýetirýän zyýany.

 

11-nji soragnama


1. BMG-niň çagalaryň hukuklary baradaky konwensiýasy.

2. AIW/AIDS, olaryň öňüni almagyň ýollary.

3. Durmuş endikleri barada düşünje.

 

12-nji soragnama


1. «Paýhas çeşmesi» kitabyndaky sagdyn iýmitlenmek baradaky nakyllar we atalar sözi.

2. Uky we onuň adamyň ýaşaýyş durmuşyndaky ähmiýeti.

3. Bogujy gazdan zäherlenmede ilkinji kömek.

 

13-nji soragnama


1. Saglygy berkidýän şertler (faktorlar).

2. Zäherli ösümlikler we olardan zäherlenmegiň alamatlary. Kömelekler bilen zäherlenme.

3. Suwda gark bolup barýany halas etmegiň düzgünleri we ilkinji kömek.

 

14-nji soragnama


1. « Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy».

2. Gigiýena ─ saglygy saklamak we berkitmek hakyndaky ylymdyr.

3. Sowukalma. Bedeniň temperaturasynyň çakdanaşa peselmegi (gipotermiýa).   

 

15-nji soragnama


1. Eneligi we çagalygy goramak. 

2. Tebigatda dynç almak, onda özüňi alyp barmagyň düzgünleri we  medeniýeti.

3. Bolup biljek howply ýagdaýlarda 01, 02, 03, 04. gulluklaryna ýüz tutmak.

 

16-njy soragnama


1. Nesil saglygyny goramak bilen meşgullanýan edaralar we guramalar.

2. Maşgalanyň ruhy, maddy, medeni, ahlak gymmatlyklary.

3. Iýmit zäherlenmelerinde ilkinji kömegiň berlişi.   

 

17-nji soragnama


1. Kompýuter oýunlary. Wirtual oýunlara baglylyk hem-de olaryň ýetginjekleriň ruhy we beden taýdan sagdynlygyna zyýany.

2. Açyk we ýapyk döwükler. Daňylar we olaryň görnüşleri.

3. Zyýanly endikler we olaryň adamyň saglygyna zyýanly täsiri.

 

18-nji soragnama


1. Psihika we temperament (joşgunlylyk) barada umumy düşünje. Özüňi  alyp barmak we özüňi dogry alyp barmagy terbiýelemek. 

2.  Saglyk hakynda düşünje. Saglyk – baýlyk.

3. Hojalyk enjamlaryndan şikeslenme we onda ilkinji kömegiň berlişi.

 

19-nji soragnama


1.  Hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserleri  arkaly ýaşlarda milli ahlak sypatlaryny terbiýelemek.

2. Döwlet derejesinde alkogolly içgilere garşy geçirilýän göreş çäreleri. Türkmenistanda 2018-2024-nji ýyllarda alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak boýunça Milli maksatnamanyň kabul edilmeginiň ähmiýeti.

3. Himiki şikeslenmeler

 

20-nji soragnama


1. Ýaşlaryň sagdynlygy – jemgyýetiň abadançylygynyň durmuş-ykdysady şertleri.

2. Gün tertibi we dynç alyş döwri.

3. Maşgala durmuşyna taýýarlyk barada düşünje.

 

21-nji soragnama


1. Nika we maşgala. Nikalaşmagyň şertleri we tertibi.

2. Howanyň üýtgemeginiň adamyň özüni duýuşyna we saglygyna edýän täsirleri. Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň rejelenen görnüşde kabul edilmeginiň ähmiýeti.    

3. Iýmitlenmegiň medeniýeti.

 

22-nji soragnama


1. Adamyň saglygyna daşky gurşawyň şertleriniň täsiri.

2. Açyk suw howdanlarynda özüňi alyp barmagyň tertibi.

3. Sarygetirme, onuň görnüşleri hem-de öňüni alyş çäreleri.

 

23-nji soragnama


1. «Maşgalam – baş galam». Döwletimiziň maşgalaga baradaky aladasy. Maşgalanyň jemgyýetiň öňündäki jogapkärçiligi.

2. Döwletimizde çilimkeşlige garşy alnyp barylýan çäreler. 

3. Himiki şikeslenmelerde ilkinji kömek bermegiň düzgünleri.

 

24-nji soragnama


1. Ýaş nesilde ýokary ahlak sypatlarynyň kemala gelmeginde türkmen halk döredijiligi eserleriniň ähmiýeti.

2. Ýanmak. Bedeniň çendenaşa gyzmagy (gipertermiýa). 

3. Saglyk üçin hereket işjeňliginiň ähmiýeti.

 

25-nji soragnama


1. Dowul  (panika) barada düşünje. Dowulyň howpy, onuň sebäpleri we getirip biljek zyýany.

2. Ýol-ulag hadysalarynyň sebäpleri. Mekdebe çenli ýol we ondaky howpsuzlyk.

3. Elektrik togundan şikeslenme, onuň öňüni almak we ilkinji kömek.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
RSL7 ( 11.05.2022 )

Извините, а где можно взять ответы на этот экзаменационный билет в русском варианте?

2
Meňzeş täzelikler