Soňky habarlar

Arhiw

2022ý. - Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň takyk bilimler ugurly gutardyş synplarynda fizika dersinden geçiriljek synagyň soragnamalary

0
7936
Soňky täzelenme:

1-nji soragnama

1. Ýarymgeçirijilerde elektrik togy. Ýarymgeçirijileriň hususy we garyndyly geçirijiligi.
2. Mendeleýewiň — Klapeýronyň deňlemesi.
3. Tejribe işi: Gaty jisimiň dykyzlygyny kesgitlemek.

2-nji soragnama

1. Atmosfera basyşy. Torriçelliniň tejribesi. Atmosfera basyşyny ölçemek.
2. Üýtgeýän toguň zynjyrynda aktiw, sygym we induktiw garşylyklar.
3. Linzanyň formulasyna degişli mesele.

3-nji soragnama

1. Içki energiýa.Termodinamikanyň birinji kanunynyň izoprosesler üçin ulanylyşy.
2. Geçirijiniň elektrik garşylygy. Udel garşylyk. Reostatlar.
3. Arhimed güýjüni hasaplamaga degişli mesele.

4-nji soragnama

1. Ýadro reaktory. Termoýadro reaksiýalary.
2. Doýgun däl we doýgun buglar. Suwuklyklaryň gaýnama temperaturasynyň basyşa baglylygy.
3. Hemişelik toguň işini we kuwwatyny hasaplamaga degişli mesele.

5-nji soragnama

1. Elektromagnit induksiýa hadysasy. Lensiň düzgüni. Öz-özünde induksiýa. Induktiwlik koeffisiýenti.
2. Geçirijiniň elektrik garşylygy. Garşylygyň temperatura baglylygy.
3. Tejribe işi. Geçirijileriň yzygider birikdirilişini öwrenmek.

6-njy soragnama

1. Egriçyzykly hereket. Töwerek boýunça deňölçegli hereketde tizlik we tizlenme.
2. Radioişjeň öwrülmeler. Radioişjeň dargama kanuny.
3. Suwuklygyň üstdartuw güýjüni hasaplamaga degişli mesele.

7-nji soragnama

1. Yrgyldyly kontur. Yrgyldyly konturda energiýanyň öwrülişi.
2. Kwant generatorlary. Lazerler. Geýzenbergiň kesgitsizlikler gatnaşygy.
3. Deňtizlenýän hereketde geçilen ýoly hasaplamaga degişli mesele.

8-nji soragnama

1. Kulonyň kanuny. Elektrik meýdany.
2. Kogerentlik. Ýagtylygyň interferensiýasy we onuň ulanylyşy.
3. Gazyň basyşyny hasaplamaga degişli mesele.

9-njy soragnama

1. Arhimed güýji. Jisimleriň ýüzme şertleri. Suw ulaglarynyň Türkmenistanda ulanylyşy.
2. Atomyň gurluşy. Rezerfordyň tejribesi.
3. Elektrik meýdanynyň potensialyny hasaplamaga degişli mesele.

10-njy soragnama

1. Boruň postulatlary. Kwantlanma düzgüni. Frankyň we Gersiň tejribesi.
2. Howanyň çyglylygy. Howadaky suw buglary. Absolýut we otnositel çyglylyk.
3. Ýadro reaksiýalaryna degişli mesele.

11-nji soragnama

1. Tok güýji. Zynjyryň bölegi üçin Omuň kanuny.
2. Fotoeffekt. Fotoeffektiň teoriýasy.
3. Tejribe işi: Erkin gaçmanyň tizlenmesini kesgitlemek.

12-nji soragnama

1. Atom ýadrosynyň gurluşy. Izotoplar.
2. Ses tolkunlary. Ses tolkunlarynyň ýaýraýşy. Sesiň tizligi. Infra we ultrasesler.
3. Fotoeffekte degişli mesele.

13-nji soragnama

1. Matematiki maýatnik. Yrgyldylaryň amplitudasy, periody, ýygylygy we fazasy.
2. Uran ýadrosynyň bölünişi. Zynjyrly reaksiýa.
3. Bütindünýä dartylma kanunyna degişli mesele.

14-nji soragnama

1. Agyrlyk güýjüniň täsirindäki hereket. Aşa agramlylyk we agramsyzlyk.
2. Ýagtylyk akymy. Ýagtylyk güýji. Ýagtylandyrylyş. Ýagtylandyrylyşyň kanunlary.
3. Tejribe işi: Ýapgyt tekizligiň PTK-syny kesgitlemek.

15-nji soragnama

1. Fotoeffekt. Fotoeffektiň ulanylyşy. Türkmenistanda Gün energiýasynyň ulanylyşy.
2. Deňtizlenýän hereket. Deňhaýallaýan hereket.
3. Ýylylyk mukdaryna degişli mesele.

16-njy soragnama

1. Tok çeşmesiniň yzygider we parallel birikdirilişi. Kirhgofyň düzgüni.
2. Ideal gazyň molekulýar-kinetik teoriýasynyň esasy deňlemesi.
3. Geçirijiniň elektrik garşylygyny hasaplamaga degişli mesele.

17-nji soragnama

1. Transformator. Türkmenistanda elektrik energiýasynyň öndürilişi we aralyga geçirilişi.
2. Otnositellik teoriýasynyň postulatlary. Massanyň we energiýanyň özara baglylyk kanuny.
3. Geçirijileriň parallel birikdirilişine degişli mesele.

18-nji soragnama

1. Jisimiň impulsy. Impulsyň saklanma kanuny. Reaktiw hereket.
2. Hemişelik toguň işi we kuwwaty. Toguň işiniň we kuwwatynyň ölçeg birligi.
3. Difraksiýa gözenegine degişli mesele.

19-njy soragnama

1. Toguň magnit meýdany. Elektromagnitler we olaryň ulanylyşy.
2. Kondensatorlar. Kondensatorlaryň parallel we yzygider birikdirilişi. Zarýadlanan kondensatoryň elektrik meýdanynyň energiýasy.
3. Pružinden asylan ýüküň yrgyldysyna degişli mesele.

20-nji soragnama

1. Elektromagnit meýdany. Gersiň wibratory. Elektromagnit tolkunlary we olaryň häsiýetleri.
2. Ýangyjyň energiýasy. Ýanmagyň udel ýylylygy.
3. Yrgyldyly herekete degişli mesele.

21-nji soragnama

1. Gaz kanunlary. Izoprosesler.
2. Ýagtylygyň difraksiýasy. Difraksion gözenek. Golografiýa barada düşünje.
3. Termodinamikanyň birinji kanunyna degişli mesele.

22-nji soragnama

1. Magnit meýdany. Amperiň kanuny. Lorens güýji.
2. Maddanyň gurluşy. Maddanyň agregat hallary we olaryň molekulýar-kinetik nukdaýnazardan düşündirilişi.
3. Elektromagnit induksiýa hadysasyna degişli mesele.

23-nji soragnama

1. Güýç. Nýutonyň ikinji kanuny. Jisimiň impulsy. Güýjüň impulsy. Güýçleriň goşulyşy.
2. Ýagtylygyň basyşy. Ýagtylygyň himiki täsiri.
3. Atmosfera basyşyna degişli mesele.

24-nji soragnama

1. Doly zynjyr üçin Omuň kanuny.
2. Radioişjeňlik. Alfa, betta, gamma şöhlelenmeleri.
3. Izoproseslere degişli mesele.

25-nji soragnama

1. Suwuklyklardaky we gazlardaky basyş. Paskalyň kanuny.
2. Elektrolitlerde elektrik togy. Elektroliz we onun kanunlary. Türkmenistanda reňkli metallurgiýanyň ösüşi.
3. Mendeleýewiň — Klapeýronyň deňlemesine degişli mesele.

26-njy soragnama

1. Bölejikler we antibölejikler.
2. Rentgen şöhlelenmeleri we onuň ulanylyşy. Komptonyň effekti.
3. Geçirijileriň yzygider birikdirilişine degişli mesele.

27-nji soragnama

1. Mejbury yrgyldylar. Rezonans.
2. Agyrlyk güýji. Agyrlyk güýjüniň täsirindäki hereket.
3. Kulonyň kanunyna degişli mesele.

28-nji soragnama

1. Bugarma. Kondensasiýa. Gaýnama. Bug emele gelmeginiň udel ýylylygy.
2. Ýagtylygyň dispersiýasy. Gýugensiň — Freneliň prinsipi. Freneliň zona (zolak) usuly.
3. Howanyň çyglylygyny hasaplamaga degişli mesele.

29-njy soragnama

1. Mehaniki iş we kuwwat. Işiň we kuwwatyň ölçeg birlikleri.
2. Ýarymgeçiriji diod. Tranzistor.
3. Elektromagnit yrgyldylarynyň amplitudasyny, periodyny, ýygylygyny hasaplamaga degişli mesele.

30-njy soragnama

1. Içki energiýa. Ýylylyk mukdary. Ýylylyk mukdaryny hasaplamak.
2. Gýugensiň prinsipi. Ýagtylygyň döwülmegi. Döwülme kanunlary.
3. Joul-Lensiň kanunyna degişli mesele.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler