Soňky habarlar

Arhiw

2022ý. - Türkmenistanyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň ynsanperwerlik-durmuş bilimleri ugurly gutardyş synplarynda Türkmenistanyň taryhy dersinden geçiriljek synagyň soragnamalary

0
5340
Soňky täzelenme:

1-nji soragnama

1. Türkmenistanyň taryhynyň döwürleri.
2. Türkmenistanyň taryhyny öwrenmekde milli we daşary ýurt alymlarynyň goşandy.

2-nji soragnama

1. Türkmenistanda mezolit döwrüniň arheologiki ýadygärlikleri.
2. Türkmenistanyň Milli Geňeşi.

3-nji soragnama

1. Gadymy Oguz Türkmen döwleti.
2. Adat — türkmenleriň hukuklarynyň we kanunlarynyň kadalary.

4-nji soragnama

1. Türkmenistanyň demir asyry döwrüne häsiýetnama.
2. 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna türkmenistanlylaryň gatnaşmagy.

5-nji soragnama

1. Beýik Seljuk döwletiniň gülläp ösmegi.
2. Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasy we ýadygärlikleri.

6-njy soragnama

1. Goňurdepe — Marguş ýurdunyň paýtagty.
2. Jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň we birleşmeleriň işi.

7-nji soragnama

1. Ahemeniler döwletiniň döremegi.
2. Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet dolandyryşy we jemgyýetçilik gurluşy.

8-nji soragnama

1. Parfiýa döwletiniň gülläp ösmegi.
2. Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynyň kämilleşdirilmegi.

9-njy soragnama

1. Gadymy Horezm döwletiniň emele gelmegi.
2. Türkmenistanyň sagdyn ýaşaýyş-durmuş syýasaty.

10-njy soragnama

1. Altyndepe — iň gadymy şäher-döwlet.
2. Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşigi.

11-nji soragnama

1. Türkmenistanyň ýerlerinde ýaşan iň gadymy adamlar.
2. “Açyk gapylar” syýasaty.

12-nji soragnama

1. Jeýtun medeniýeti we onuň ýadygärlikleri.
2. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň Harby doktrinasy.

13-nji soragnama

1. Gadymy Dehistanyň arheologiki ýadygärlikleri.
2. Garaşsyz Türkmenistanyň döwlet nyşanlaryna girizilen üýtgeşmeler.

14-nji soragnama

1. Türkmenistanyň ýerlerinde dörän gadymy siwilizasiýalar.
2. Türkmenistanda ulag ulgamynyň ösmeginde Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmeginiň ähmiýeti.

15-nji soragnama

1. Türkmenistanyň taryhy dersi.
2. Türkmenistanyň dünýä döwletleri bilen deňhukukly we dostlukly gatnaşyklarynyň ösdürilmegi.

16-njy soragnama

1. Türkmenleriň Horezmşalar — Anuşteginliler imperiýasynyň gülläp ösmegi.
2. Gajarlaryň Merwe ýörişi.

17-nji soragnama

1. Parfiýanyň döwlet gurluşy.
2. Gökdepe söweşi.

18-nji soragnama

1. Aleksandr Makedonlynyň Orta Aziýa ýörişi.
2. Sarahs söweşi we onuň netijeleri.

19-njy soragnama

1. Türkmenistanyň ýerlerinde gadymy taýpalaryň ýerleşişi.
2. XVIII asyrda türkmenleriň medeniýeti.

20-nji soragnama

1. Ahemeniler döwrüniň medeniýeti.
2. Türkmenistanda Garaşsyzlyk ýyllarynda bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi.

21-nji soragnama

1. ХVII asyrda türkmenleriň ýerleşişi.
2. Türkmenistanyň ilkinji milli «TürkmenÄlem 520E» aragatnaşyk emeli hemrasynyň uçurylmagy we onuň ähmiýeti.

22-nji soragnama

1. Eneolit döwrüniň ýadygärlikleri — Garadepe, Namazgadepe.
2. Garaşsyz Türkmenistanda sungatyň ösüşi.

23-nji soragnama

1. Garrygala söweşi we onuň netijeleri.
2. Garaşsyz Türkmenistanda ylym ulgamyndaky özgerişler.

24-nji soragnama

1. Demriň ýüze çykmagy we onuň ähmiýeti.
2. Türkmenistanyň Raýat Kodeksi we onuň ähmiýeti.

25-nji soragnama

1. Gadymy ilatyň meşgullanan kärleri we hojalygy.
2. Türkmenistanda döwlet eýeçiliginiň hususylaşdyrylmagy.

26-njy soragnama

1. XVIII — XIX asyrlarda türkmenlerde ýer-suw eýeçiligi.
2. Türkmenistanda senagatyň ösüşi.

27-nji soragnama

1. Tahyrylar döwletiniň döwründe Türkmenistanyň gülläp ösmegi.
2. Garaşsyz Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň (rejelenen görnüşi) kabul edilmegi.

28-nji soragnama

1. Daşköpri söweşi we onuň netijeleri.
2. Türkmenistan döwletini dünýä jemgyýetçiliginiň ykrar etmegi.

29-njy soragnama

1. Gunlaryň Günbatar we Gündogar Rim bilen gatnaşyklary.
2. Hukuk özgertmesi.

30-njy soragnama

1. Oguz türkmenleriniň Beýik Hun döwletiniň döremegi we gülläp ösmegi.
2. Garaşsyz Türkmenistanyň dolandyryş-çäk gurluşy.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler