Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

0
3535
Salgysy:
Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy.
Telefon belgiňiz:
40-04-79.
Soňky täzelenme:

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi aşakdaky lotlarda görkezilen harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär.

Lot ¹ 20 — Lebap welaýatynyň Arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreşmek gullugy üçin anyklaýyş hem-de sarp ediş serişdelerini satyn almak.

Lot ¹ 21 — Kardiologiýa ylmy-kliniki merkezli hassahana üçin lukmançylyk sarp ediş serişdelerini satyn almak.

Lot ¹ 22 — «Lukmançylyk enjamlary» önümçilik birleşigine maýyplar üçin arabalary satyn almak.

 Lot ¹ 23 — Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şypahana üçin lukmançylyk enjamlaryny satyn almak.

Lot ¹ 24 — Mary welaýat çagalar hassahanasynyň lukmançylyk enjamlary üçin ätiýaçlyk şaýlaryny satyn almak.

Bäsleşik boýunça teklipler şu habaryň çap edilen gününden başlap, 30 (otuz) günüň dowamynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň binasynda kabul edilýär.

Salgysy: Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 20-nji jaýy.

Habarlaşmak üçin telefon belgisi: 40-04-79.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler