Digital Sale Menejer

1
21791
Pocta:
vacancy@turkmenportal.com
Soňky täzelenme:

TURKMENPORTAL – kuwwatly we ösüşlere hyjuwly, öz ulgamynda öňdebaryjy kompaniýa. Toparymyza işjeň, başarnykly satuw boýunça menejeri gözleýäris.

Nähili wezipäni ýerine ýetirmeli:

  • Telefonda müşderiler bilen habarlaşmak;
  • Täze müşderileri çekmek;
  • Müşderiler bilen gepleşikleri geçirmek we şertnamalary baglaşmak;
  • Baglaşylan şertnamalar boýunça amallary we resminamalary ýapmak;
  • Topar bilen bilelikde digital marketing trendlerinden habarly bolmak, biziň hyzmatlarymyzy öňe sürmek we ösdürmek;

Biziň talaplarymyz:

  • Hökmany şertde ýokary bilimiň bolmagy;
  • Türkmen we rus dillerini hökmany bilmek;
  • Kompýuteri, interneti we ähli ofis programmalaryny sowatly ulanyp bilmek;
  • Müşderiler bilen erkin gepleşmek ukyby;
  • Satuwyň tapgyrlaryny bilmek, nägilelikleriň öwezini dolmak;
  • Hemişe işjeň iş alyp barmak, adamlar bilen ýerlikli gatnaşyp, netije gazanmak.

Mundan başga-da, dalaşgärleri işe almakda aşakdakylar goşmaça aýratynlyk bolup biler:

  • Bu ugurdaky iş tejribesiniň bolmagy;
  • Iňlis dilini bilmek;
  • Anketanyň talaplaryndaky punktlara doly laýyk gelmek.

Iş şertleri:

  • Synag möhleti - 1 aý;
  • Amatly iş tertibi, erkin geýimde işlemek;
  • Iş wagty: 9:00-dan 18:00-a çenli ýa-da 10:00-dan - 19:00-a çenli;
  • Doly iş;
  • Ýerli hasapda durmak zerurlygy ýok, ýöne Aşgabatda işlemeli;
  • Aýlyk hakynyň gijikdirilmän berilmegi;
  • Iň pes bellenen aýlyk haky 3000 manat, ýöne bu tölegiň ähyrky çägi däl, deslapky aýlyk tölegi iş tejribesine laýyklykda kesgitlenýär;
  • Çäklendirilmedik kofe, çaý, şeýle hem wideo oýunlary oýnamak üçin şerti we başarnykly garşydaşlary özünde jemleýän döwrebap we rahat open space ofisi;
  • Netijeli işlemäge ýardam berýän dostlukly we mylaýym atmosfera;
  • Işini we kompaniýasyny gowy görýän kärdeşler bilen gurşalan iş durmuşy. Biz diňe bir bilelikde işlemän, bilelikde dynç hem alýarys. Pyýada gezelençlere gidýäris, welosiped sürýäris, futbol oýnamagy halaýarys we ş.m. gyzyklanmalar bilen meşgullanýarys. Bu ýerde hemişe özüňize ýakyn kärdeşleri taparsyňyz.

Hökmany bellemeli zat!

  1. Rezýumeňizi isleg bildirýän wezipäňiziň ady bilen vacancy@turkmenportal.com elektron salgysyna ugradyň;
  2. Öz hünär işiňiz barada goşmaça hat taýýarlap hem rezýumeňiziň ýany bilen ugradyň;
  3. Portfoliosyz rezýume göz öňüne tutulmaýar;
  4. Bu wezipede bize nähili ýardam edip biljekdigiňizi beýan ediň;
  5. Görkezilýän talaplara laýyk gelmeýän bolsaňyz, boş iş orny üçin ýüz tutmazlygy Sizden haýyş edýäris.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler