Soňky habarlar

Arhiw

S.A.Nyýazow adyndaky türkmen oba hojalyk instituty

0
5504
Salgysy:
г. Ашхабад, ул. 2009 (Гёроглы), 143.
Telefon belgiňiz:
34-27-46, 34-07-77, 34-25-64.

2021/2022-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) we taýýarlygyň ugurlary (bakalawr maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: agronomçylyk; agroekologiýa; tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy; ýyladyşhana hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy). 

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda): 

1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: agrohimiýa we topragy öwreniş; gidromeliorasiýa; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek). 
2. Weterinariýa we zootehniýa (hünär: weterinar lukmançylygy). 
3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: maglumat ulgamlary (oba hojalygynda)). 

III. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugry: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar)). Okuwyň dowamlylygy 5 okuw ýylyna (1 ýyl — iňlis dili boýunça dil taýýarlygy, 4 ýyl — bakalawr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir.
2. Maşyngurluşyk (taýýarlygyň ugry: awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak (oba hojalygynda)).
3. Oba, tokaý we balyk hojalygy (taýýarlygyň ugurlary: agroinženerçilik; gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanylyşy). 
5. Amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geodeziýa (taýýarlygyň ugry: ýer gurluşygy we kadastrlar).
6. Maglumat howpsuzlygy (taýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda)).
7. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda); buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda)).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlarynyň merkezlerinde 2021-nji ýylyň 12 — 25-nji iýuly aralygynda kabul edilýär. 

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza; 
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); 
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); 
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; 
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; 
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; 
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. 

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: 

— şahsy pasportyny; 
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. 

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Daşoguz ş.) we Lebap, Mary welaýatlarynyň merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär: 

  • Lebap welaýaty — iýul aýynyň 28-i, 29-y we 30-y günleri;
  • Mary welaýaty — awgust aýynyň 1-2-i, 3-i we 4-i günleri;
  • Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 6-7-si, 8-i we 9-y günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

  • hünärler: agronomçylyk; agroekologiýa; ýyladyşhana hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy; agrohimiýa we topragy öwreniş; weterinar lukmançylygy — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
  • hünärler we taýýarlygyň ugurlary: tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy; gidromeliorasiýa; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; agroinženerçilik; gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanylyşy — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy; 
  • taýýarlygyň ugurlary: ykdysadyýet we dolandyryş (oba hojalygynda); buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda) — biologiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy; 
  • hünärler we taýýarlygyň ugurlary: maglumat ulgamlary (oba hojalygynda); maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar); maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda); ýer gurluşygy we kadastrlar; awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak (oba hojalygynda) — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy. 

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. 

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan:

— soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar; 
— “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýänler peýdalanýarlar.

Türkmen oba hojalyk institutynyň salgysy: Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş., Ruhnama köçesi, 94, tel.: 9-33-92, 9-40-68, 9-38-65.

DALAŞGÄRLERIŇ DYKGATYNA

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2021-nji ýylda okuwa girmäge isleg bildirýänleriň saglygy goraýyş barlaglary şu ýylyň 12 — 25-nji iýuly aralygynda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň şu aşakdaky saglyk öýlerinde geçiriler

Aşgabat şäheri

  • Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi: Aşgabat ş., Görogly köçesiniň 82-nji jaýy, tel.: 36-87-50; 36-87-51.
  • Aşgabat şäher 1-nji saglyk öýi: Aşgabat ş., Parahat-1 ýaşaýyş toplumy, 2-nji jaý, tel.: 45-08-99; 46-53-50.
  • Aşgabat şäher 15-nji saglyk öýi: Aşgabat ş., Ankara köçesiniň 121-nji jaýy, tel.: 47-84-80; 47-84-88.


Ahal welaýaty

  • Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi: Aşgabat ş., 1934-nji (Bamako) köçesiniň 34-nji jaýy, tel.: 26-03-11, 26-03-80.
  • Gökdepe etrap köpugurly hassahana: Gökdepe ş., Magtymguly şaýolunyň 55-nji jaýy, tel.: (800132) 4-70-01, 4-70-02.
  • Kaka etrap hassahanasy: Kaka ş., Ýüzbaşy köçesiniň 59-njy jaýy, tel.: (800133) 45-4-11, 32-5-10.
  • Tejen şäher hassahanasy: Tejen ş., D.Gulmyradow köçesiniň 1-nji jaýy; tel.: (800135) 4-23-23, 4-20-25.
  • Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi: Tejen ş., Magtymguly köçesiniň 67-nji jaýy, tel.: (800135) 4-41-14.


Balkan welaýaty

  • Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi: Balkanabat ş., 189-njy ýaşaýyş jaýlar toplumy, hassahanalar şäherçesi, tel.: (800222) 5-97-02, 5-97-03, 5-97-05, 5-81-60.
  • Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi: Balkanabat ş., 137-nji ýaşaýyş jaýlar toplumy, tel.: (800222) 6-01-91, 6-03-70, 6-03-77, 6-03-78.
  • Türkmenbaşy şäher saglyk öýi: Türkmenbaşy ş., Watan köçesiniň 25-nji jaýy, tel.: (800243) 2-60-09, 2-21-36, 2-48-11.
  • Hazar şäher hassahanasy: Hazar ş., 33-nji ýaşaýyş toplumy, tel.: (800240) 2-40-30, 2-43-00.
  • Gumdag şäher hassahanasy: Gumdag ş., A.Meňliýew köçesiniň 25-nji jaýy, tel.: (800241) 4-11-43, 4-11-91.
  • Türkmenbaşy etrap hassahanasy: Türkmenbaşy ş., Magtymguly köçesiniň 2a jaýy, tel.: (800243) 7-92-45, 7-91-45, 7-92-93, 7-95-08.
  • Serdar etrap hassahanasy: Serdar ş., Ö.Gylyçmämmedow köçesiniň 2-nji jaýy, tel.: (800246) 7-21-79, 7-21-58, 7-80-08, 7-20-98.
  • Bereket etrap hassahanasy: Bereket ş., Garagum köçesiniň 23-nji jaýy, tel.: (800247) 3-30-47, 3-30-22, 3-30-48, 3-30-49.
  • Magtymguly etrap hassahanasy: Magtymguly ş., Durdyhan Ýanyk köçesiniň 2-nji jaýy, tel.: (800248) 4-04-17, 4-04-26, 4-06-59.
  • Etrek etrap hassahanasy: Etrek ş., Garagum köçesiniň 13-nji jaýy, tel.: (800242) 4-01-39, 4-01-84.
  • Esenguly etrap hassahanasy: Esenguly ş., 4-nji köçesiniň 1-nji kiçi etrapçasynyň 248-nji jaýy, tel.: (800245) 3-00-75, 3-06-00, 3-01-20, 3-01-24, 3-01-18.


Mary welaýaty

  • Mary şäher 1-nji saglyk öýi: Mary ş., Oguzhan köçesiniň 29-njy jaýy, tel.: (800522) 5-03-74, 5-17-42.
  • Mary şäher 3-nji saglyk öýi: Mary ş., Bitaraplyk köçesiniň 32-nji jaýy, tel.:(800522)  5-26-81, 5-28-58.
  • Ýolöten etrap hassahanasy: Ýolöten ş., Atçapar köçesiniň 62-nji jaýy, tel.: (800560) 6-55-23, 6-50-67.
  • Sakarçäge etrap hassahanasy: Sakarçäge ş., G.Baýnazarow adyndaky  köçesiniň 3-nji jaýy, tel.: (800522) 6-01-75, Tel-800566-5-30-42.
  • Tagtabazar etrap hassahanasy: Tagtabazar ş., Lukman – Hekim köçesiniň 10-njy jaýy, tel.: (800568) 5-23-58, 5-11-07.
  • Mary etrap hassahanasy: Mary ş., Nury Halmämmedow köçesiniň 4-nji jaýy, tel.: (800522) 5-44-92.
  • Wekilbazar etrap hassahanasy: Wekilbazar ş., Dostluk köçesiniň 8-nji jaýy, tel.: (800558) 6-60-21, 6-60-92.


Lebap welaýaty

  • Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., Zynhary köçesiniň 31-nji jaýy, tel.: (800422) 7-12-35, 7-16-71, 7-06-76.
  • Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., 3-nji kwartal, tel.: (800422) 2-33-06, 2-52-83, 2-59-02.
  • Türkmenabat şäheriniň 3-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., Lebap şosse 3/1 jaý, tel.: (800422) 9-25-74, 2-10-96, 9-28-90, 2-04-93, 9-01-59.
  • Türkmenabat şäheriniň 4-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., Mukaddes Ruhnama köçesi, tel.: (800422) 6-82-23, 6-99-83, 6-90-56.
  • Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., Magtymguly köçesiniň 113a jaýy, tel.: (800422) 3-50-59, 3-77-60, 3-82-52, 3-63-73, 3-78-77, 3-50-70.
  • Kerki etrap hassahanasy: Kerki ş., S.Nyýazow köçesiniň 137-nji jaýy, tel.: (800444) 2-03-22, 2-00-03, 2-50-65, 2-55-90.
  • Dänew etrap hassahanasy: Dänew ş., S.Nyýazow köçesiniň 71-nji jaýy, tel.: (800422) 2-03-46, 2-04-59, 2-06-03, 2-06-29, 2-25-03.


Daşoguz welaýaty

  • Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi: Daşoguz ş., Şamçyrag köçesiniň 26-njy jaýy, tel.: (800322) 2-48-25, 2-56-83.
  • Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi: Daşoguz ş., Gurbansoltan eje köçesiniň 24-nji jaýy, tel.: (800322) 6-01-61, 6-07-56.
  • Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi: Daşoguz ş., Merkez-3 ýaşaýyş toplumynyň 15-nji jaýy, tel.: (800322) 7-03-20, 9-28-10.
  • Köneürgenç etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi: Köneürgenç ş., G.Atabaýew köçesiniň 47-nji jaýy, tel.: (800347) 31-6-02, 32-3-37, 31-9-63.
  • Gurbansoltan eje adyndaky etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi: Gurbansoltan eje adyndaky ş., Andalyp köçesiniň 21-nji jaýy, tel.:(800343) 3-15-81, 3-03-50, 3-15-71.


Çeşme: «Нейтральный Туркменистан» gazeti (10.07.2021)

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler