Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Oguz Han adyndaky inžener-tehnologiýalar uniwersiteti

0
5786
Salgysy:
г. Ашхабад, ул. Кёши, дом 100.
Telefon belgiňiz:
39-16-67.

2021/2022-nji okuw ýyly üçin bakalawr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär:

1. Matematika we mehanika (taýýarlygyň ugry: amaly matematika we informatika (inženerler üçin matematika)).
2. Biologiýa ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: öýjük we molekulýar biologiýa; genetika we bioinžiniring; mikrobiologiýa).
3. Himiýa tehnologiýalary (taýýarlygyň ugurlary: himiki tehnologiýa; himiki inžiniring).
4. Senagat ekologiýasy we biotehnologiýalar (taýýarlygyň ugry: biotehnologiýa).
5. Materiallaryň tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: materiallary öwrenmek we täze materiallaryň tehnologiýasy).
6. Nanotehnologiýalar we nanomateriallar (taýýarlygyň ugry: nanomateriallar).
7. Ýeri öwreniş ylymlary (taýýarlygyň ugurlary: ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak; kartografiýa we geoinformatika).
8. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugurlary: informatika we hasaplaýyş tehnikasy; maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk; mobil we tor inžiniring; animasiýa we grafika dizaýny; emeli aň we ekspert ulgamlary; maglumatlary goramagyň tehniki serişdeleri; sanly ykdysadyýetiň tehnologiýalary).
9. Maşyngurluşyk (taýýarlygyň ugurlary: awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak; mehatronika we robot tehnikasy).
10. Elektronika, radiotehnika we aragatnaşyk ulgamlary (taýýarlygyň ugry: elektronika we nanoelektronika).
11. Fotonika, abzalgurluşyk, optiki we biotehniki ulgamlar we tehnologiýalar (taýýarlygyň ugry: biolukmançylyk elektronikasy).
12. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: işgärleri dolandyryş; innowasion ykdysadyýet; tehnologiýa işewürligi; innowasion menejment we halkara işewürligi).
13. Fizika-tehniki ylymlar we tehnologiýalar (taýýarlygyň ugry: häzirkizaman tehnologiýalaryň fizikasy).
14. Dil bilimi we edebiýaty öwreniş (taýýarlygyň ugurlary: filologiýa (tehniki iňlis dili we ýapon dili); kompýuter lingwistikasy).

Uniwersitetde okuwlar iňlis we ýapon dillerinde geçirilýär.

Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Okuwyň dowamlylygy 5 okuw ýylyna (1 ýyl — iňlis we ýapon dili boýunça dil taýýarlygy, 4 ýyl — bakalawr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir.
Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2021-nji ýylyň 12 — 25-nji iýuly aralygynda kabul edilýär. 

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza; 
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); 
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); 
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; 
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; 
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; 
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. 

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: 

— şahsy pasportyny; 
— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. 

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. 

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat ş.) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär: 

  • Ahal welaýaty — iýul aýynyň 28-29-y, 30-y we 31-i günleri;
  • Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 2-3-i, 4-i we 5-i günleri;
  • Balkan welaýaty — awgust aýynyň 7-si, 8-i we 9-y günleri;
  • Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 11-i, 12-si we 13-i günleri;
  • Lebap welaýaty — awgust aýynyň 15-i, 16-sy we 17-si günleri;
  • Mary welaýaty — awgust aýynyň 19-20-si, 21-i we 22-si günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär: 

  • taýýarlygyň ugurlary: himiki tehnologiýa; himiki inžiniring; materiallary öwrenmek we täze materiallaryň tehnologiýasy; nanomateriallar — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
  • taýýarlygyň ugurlary: öýjük we molekulýar biologiýa; genetika we bioinžiniring; mikrobiologiýa; biotehnologiýa; ekologiýa we tebigatdan peýdalanmak — biologiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy; 
  • taýýarlygyň ugurlary: häzirkizaman tehnologiýalaryň fizikasy; informatika we hasaplaýyş tehnikasy; awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak; mehatronika we robot tehnikasy; elektronika we nanoelektronika; sanly ykdysadyýetiň tehnologiýalary; sanly infrastruktura we kiberhowpsuzlyk; maglumatlary goramagyň tehniki serişdeleri — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
  • taýýarlygyň ugurlary: amaly matematika we informatika (inženerler üçin matematika); maglumat ulgamlary we tehnologiýalary; mobil we tor inžiniring; animasiýa we grafika dizaýny; emeli aň we ekspert ulgamlary; kartografiýa we geoinformatika; innowasion ykdysadyýet; tehnologiýa işewürligi; işgärleri dolandyryş; innowasion menejment we halkara işewürligi — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
  • taýýarlygyň ugry: biolukmançylyk elektronikasy — biologiýa, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
  • taýýarlygyň ugurlary: filologiýa (tehniki iňlis dili we ýapon dili); kompýuter lingwistikasy — iňlis dili, fizika, Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. 

Degişli dil boýunça geçirilýän derslerden başga, ähli okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. 

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. 

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Köşi köçesi, 100, tel.: 39-16-67.

DALAŞGÄRLERIŇ DYKGATYNA

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2021-nji ýylda okuwa girmäge isleg bildirýänleriň saglygy goraýyş barlaglary şu ýylyň 12 — 25-nji iýuly aralygynda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň şu aşakdaky saglyk öýlerinde geçiriler

Aşgabat şäheri

  • Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi: Aşgabat ş., Görogly köçesiniň 82-nji jaýy, tel.: 36-87-50; 36-87-51.
  • Aşgabat şäher 1-nji saglyk öýi: Aşgabat ş., Parahat-1 ýaşaýyş toplumy, 2-nji jaý, tel.: 45-08-99; 46-53-50.
  • Aşgabat şäher 15-nji saglyk öýi: Aşgabat ş., Ankara köçesiniň 121-nji jaýy, tel.: 47-84-80; 47-84-88.


Ahal welaýaty

  • Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi: Aşgabat ş., 1934-nji (Bamako) köçesiniň 34-nji jaýy, tel.: 26-03-11, 26-03-80.
  • Gökdepe etrap köpugurly hassahana: Gökdepe ş., Magtymguly şaýolunyň 55-nji jaýy, tel.: (800132) 4-70-01, 4-70-02.
  • Kaka etrap hassahanasy: Kaka ş., Ýüzbaşy köçesiniň 59-njy jaýy, tel.: (800133) 45-4-11, 32-5-10.
  • Tejen şäher hassahanasy: Tejen ş., D.Gulmyradow köçesiniň 1-nji jaýy; tel.: (800135) 4-23-23, 4-20-25.
  • Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi: Tejen ş., Magtymguly köçesiniň 67-nji jaýy, tel.: (800135) 4-41-14.


Balkan welaýaty

  • Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi: Balkanabat ş., 189-njy ýaşaýyş jaýlar toplumy, hassahanalar şäherçesi, tel.: (800222) 5-97-02, 5-97-03, 5-97-05, 5-81-60.
  • Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi: Balkanabat ş., 137-nji ýaşaýyş jaýlar toplumy, tel.: (800222) 6-01-91, 6-03-70, 6-03-77, 6-03-78.
  • Türkmenbaşy şäher saglyk öýi: Türkmenbaşy ş., Watan köçesiniň 25-nji jaýy, tel.: (800243) 2-60-09, 2-21-36, 2-48-11.
  • Hazar şäher hassahanasy: Hazar ş., 33-nji ýaşaýyş toplumy, tel.: (800240) 2-40-30, 2-43-00.
  • Gumdag şäher hassahanasy: Gumdag ş., A.Meňliýew köçesiniň 25-nji jaýy, tel.: (800241) 4-11-43, 4-11-91.
  • Türkmenbaşy etrap hassahanasy: Türkmenbaşy ş., Magtymguly köçesiniň 2a jaýy, tel.: (800243) 7-92-45, 7-91-45, 7-92-93, 7-95-08.
  • Serdar etrap hassahanasy: Serdar ş., Ö.Gylyçmämmedow köçesiniň 2-nji jaýy, tel.: (800246) 7-21-79, 7-21-58, 7-80-08, 7-20-98.
  • Bereket etrap hassahanasy: Bereket ş., Garagum köçesiniň 23-nji jaýy, tel.: (800247) 3-30-47, 3-30-22, 3-30-48, 3-30-49.
  • Magtymguly etrap hassahanasy: Magtymguly ş., Durdyhan Ýanyk köçesiniň 2-nji jaýy, tel.: (800248) 4-04-17, 4-04-26, 4-06-59.
  • Etrek etrap hassahanasy: Etrek ş., Garagum köçesiniň 13-nji jaýy, tel.: (800242) 4-01-39, 4-01-84.
  • Esenguly etrap hassahanasy: Esenguly ş., 4-nji köçesiniň 1-nji kiçi etrapçasynyň 248-nji jaýy, tel.: (800245) 3-00-75, 3-06-00, 3-01-20, 3-01-24, 3-01-18.


Mary welaýaty

  • Mary şäher 1-nji saglyk öýi: Mary ş., Oguzhan köçesiniň 29-njy jaýy, tel.: (800522) 5-03-74, 5-17-42.
  • Mary şäher 3-nji saglyk öýi: Mary ş., Bitaraplyk köçesiniň 32-nji jaýy, tel.:(800522)  5-26-81, 5-28-58.
  • Ýolöten etrap hassahanasy: Ýolöten ş., Atçapar köçesiniň 62-nji jaýy, tel.: (800560) 6-55-23, 6-50-67.
  • Sakarçäge etrap hassahanasy: Sakarçäge ş., G.Baýnazarow adyndaky  köçesiniň 3-nji jaýy, tel.: (800522) 6-01-75, Tel-800566-5-30-42.
  • Tagtabazar etrap hassahanasy: Tagtabazar ş., Lukman – Hekim köçesiniň 10-njy jaýy, tel.: (800568) 5-23-58, 5-11-07.
  • Mary etrap hassahanasy: Mary ş., Nury Halmämmedow köçesiniň 4-nji jaýy, tel.: (800522) 5-44-92.
  • Wekilbazar etrap hassahanasy: Wekilbazar ş., Dostluk köçesiniň 8-nji jaýy, tel.: (800558) 6-60-21, 6-60-92.


Lebap welaýaty

  • Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., Zynhary köçesiniň 31-nji jaýy, tel.: (800422) 7-12-35, 7-16-71, 7-06-76.
  • Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., 3-nji kwartal, tel.: (800422) 2-33-06, 2-52-83, 2-59-02.
  • Türkmenabat şäheriniň 3-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., Lebap şosse 3/1 jaý, tel.: (800422) 9-25-74, 2-10-96, 9-28-90, 2-04-93, 9-01-59.
  • Türkmenabat şäheriniň 4-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., Mukaddes Ruhnama köçesi, tel.: (800422) 6-82-23, 6-99-83, 6-90-56.
  • Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., Magtymguly köçesiniň 113a jaýy, tel.: (800422) 3-50-59, 3-77-60, 3-82-52, 3-63-73, 3-78-77, 3-50-70.
  • Kerki etrap hassahanasy: Kerki ş., S.Nyýazow köçesiniň 137-nji jaýy, tel.: (800444) 2-03-22, 2-00-03, 2-50-65, 2-55-90.
  • Dänew etrap hassahanasy: Dänew ş., S.Nyýazow köçesiniň 71-nji jaýy, tel.: (800422) 2-03-46, 2-04-59, 2-06-03, 2-06-29, 2-25-03.


Daşoguz welaýaty

  • Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi: Daşoguz ş., Şamçyrag köçesiniň 26-njy jaýy, tel.: (800322) 2-48-25, 2-56-83.
  • Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi: Daşoguz ş., Gurbansoltan eje köçesiniň 24-nji jaýy, tel.: (800322) 6-01-61, 6-07-56.
  • Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi: Daşoguz ş., Merkez-3 ýaşaýyş toplumynyň 15-nji jaýy, tel.: (800322) 7-03-20, 9-28-10.
  • Köneürgenç etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi: Köneürgenç ş., G.Atabaýew köçesiniň 47-nji jaýy, tel.: (800347) 31-6-02, 32-3-37, 31-9-63.
  • Gurbansoltan eje adyndaky etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi: Gurbansoltan eje adyndaky ş., Andalyp köçesiniň 21-nji jaýy, tel.:(800343) 3-15-81, 3-03-50, 3-15-71.


Çeşme: «Нейтральный Туркменистан» gazeti (10.07.2021)

 

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler