Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasy

0
60142
Salgysy:
г.Ашхабад, ул. 2022 (Алишера Навои), 90.
Telefon belgiňiz:
92-56-41, 92-31-19, 92-25-08.
Soňky täzelenme:

Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasy 2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler (hünärmen maksatnamasy) boýunça talyplyga kabul edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

  1. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (hünärler: monumental nakgaşçylygy; stanok nakgaşçylygy; teatr-bezeg nakgaşçylygy; stanok grafikasy; kitap grafikasy; heýkeltaraşlyk; keramika sungaty; zergärçilik sungaty; halyçylyk sungaty).
  2. Binagärlik (hünärler: binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

  1. Sungatyň şekillendiriş we amaly görnüşleri (hünärler: dizaýn; şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti);
  2. Binagärlik (hünärler: binagärlik gurşawynyň dizaýny; binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi).
  3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünär: animasiýa we grafika dizaýny).

Akademiýa Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde we welaýat merkezlerinde 2022-nji ýylyň 11 — 24-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy), Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň garamagyndaky ýörite we orta sazçylyk, çeperçilik we sungat okuw mekdeplerini tamamlap, iki ýyllyk iş tejribeligini geçýän ýaşlar üçin orta hünär bilimi hakynda resminamanyň (diplomyň) tassyklanan göçürmesi;
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri,‚halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler, ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • pasportyny;
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Döredijilik ugurlary boýunça okuwa girýän dalaşgärler kabul ediş toparyna özbaşdak ýerine ýetiren işlerini (galamda çekilen suratlar, nakgaşçylyk eserleri, heýkel, keramika işleri we ş.m.) tabşyrýarlar.

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek akademiýada (Aşgabat şäheri) we welaýat merkezlerinde aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Mary welaýaty — iýul aýynyň 27-28-i, 29-y we 30-y günleri;
  • Lebap welaýaty — awgust aýynyň 1-i, 2-si we 3-i günleri;
  • Ahal welaýaty — awgust aýynyň 5-6-sy, 7-si we 8-i günleri;
  • Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 10-11-i, 12-si we 13-i günleri;
  • Balkan welaýaty — awgust aýynyň 15-i, 16-sy we 17-si günleri;
  • Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 19-y, 20-si we 21-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky okuw dersleri boýunça geçirilýär:

  • hünärler: monumental nakgaşçylygy; stanok nakgaşçylygy; teatr-bezeg nakgaşçylygy; stanok grafikasy; kitap grafikasy — galamda gipsden ýasalan adamyň göwresiniň şekilini çekmek; reňkde berlen temadan taslama ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;
  • hünär: heýkeltaraşlyk — galamda gipsden ýasalan adamyň portretini çekmek; berlen temadan heýkeltaraşlyk taslamasyny ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;
  • hünär: dizaýn — galamda gipsden ýasalan adamyň portretini çekmek; berlen temadan dizaýn taslamasyny ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;
  • hünärler: keramika sungaty; zergärçilik sungaty; halyçylyk sungaty — galamda natýurmort çekmek; hünär aýratynlygyna laýyklykda, berlen temadan taslama ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;
  • hünär: şekillendiriş sungatynyň taryhy we nazaryýeti — galamda natýurmort çekmek; berlen temadan taslama ýerine ýetirmek; Türkmenistanyň taryhy;
  • hünärler: binagärlik gurşawynyň dizaýny; binagärlik ýadygärlikleriniň rejelenilişi; animasiýa we grafika dizaýny — galamda gipsden ýasalan adamyň portretini çekmek; berlen çyzgynyň aksonometriýasyny düzmek; Türkmenistanyň taryhy.

Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň we çeperçilik mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Türkmenistanyň taryhy boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň salgysy: Aşgabat ş., 2022-nji (A.Nowaýy) köçe, 90,

Tel.: 92-56-41, 92-31-19, 92-25-08.

 

 

DALAŞGÄRLERIŇ DYKGATYNA!

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2022-nji ýylda okuwa girmäge isleg bildirýänleriň saglygy goraýyş barlaglary 2022-nji ýylyň 11-nji iýulyndan 13-nji awgusty aralygynda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň şu aşakdaky saglyk öýlerinde geçiriler.

 

Aşgabat ş.

  • Aşgabat şäher Talyplar saglyk öýi: Aşgabat ş., Görogly köçesiniň 82-nji jaýy, tel.: 36-87-50; 36-87-51;
  • Aşgabat şäher 1-nji saglyk öýi: Aşgabat ş., Parahat-1 ýaşaýyş toplumy, 2-nji jaý, tel.: 45-08-99; 46-53-50;
  • Aşgabat şäher 15-nji saglyk öýi: Aşgabat ş., Ankara köçesiniň 121-nji jaýy, tel.: 47-84-80; 47-84-88.

 

Ahal welaýaty

  • Aşgabat şäher 9-njy saglyk öýi: Aşgabat ş., 1934-nji (Bamako) köçesiniň 34-nji jaýy, tel.: 26-03-11, 26-03-80;
  • Gökdepe etrap köpugurly hassahana: Gökdepe ş., Magtymguly şaýolunyň 55-nji jaýy, tel.: (800132) 4-70-01, 4-70-02;
  • Kaka etrap hassahanasy: Kaka ş., Ýüzbaşy köçesiniň 59-njy jaýy, tel.: (800133) 45-4-11, 32-5-10;
  • Tejen şäher hassahanasy: Tejen ş., D.Gulmyradow köçesiniň 1-nji jaýy; tel.: (800135) 4-23-23, 4-20-25;
  • Tejen şäher hassahanasynyň keseli anyklaýyş we maslahat beriş bölümi: Tejen ş., Magtymguly köçesiniň 67-nji jaýy, tel.: (800135) 4-41-14.

 

Balkan welaýaty

  • Balkanabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi: Balkanabat ş., 189-njy ýaşaýyş jaýlar toplumy, hassahanalar şäherçesi, tel.: (800222) 5-97-02, 5-97-03, 5-97-05, 5-81-60;
  • Balkanabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi: Balkanabat ş., 137-nji ýaşaýyş jaýlar toplumy, tel.: (800222) 6-01-91, 6-03-70, 6-03-77, 6-03-78;
  • Türkmenbaşy şäher saglyk öýi: Türkmenbaşy ş., Watan köçesiniň 25-nji jaýy, tel.: (800243) 2-60-09, 2-21-36, 2-48-11;
  • Hazar şäher hassahanasy: Hazar ş., 33-nji ýaşaýyş toplumy, tel.: (800240) 2-40-30, 2-43-00;
  • Gumdag şäher hassahanasy: Gumdag ş., A.Meňliýew köçesiniň 25-nji jaýy, tel.: (800241) 4-11-43, 4-11-91;
  • Türkmenbaşy etrap hassahanasy: Türkmenbaşy ş., Magtymguly köçesiniň 2a jaýy, tel.: (800243) 7-92-45, 7-91-45, 7-92-93, 7-95-08;
  • Serdar etrap hassahanasy: Serdar ş., Ö.Gylyçmämmedow köçesiniň 2-nji jaýy, tel.: (800246) 7-21-79, 7-21-58, 7-80-08, 7-20-98;
  • Bereket etrap hassahanasy: Bereket ş., Garagum köçesiniň 23-nji jaýy, tel.: (800247) 3-30-47, 3-30-22, 3-30-48, 3-30-49;
  • Magtymguly etrap hassahanasy: Magtymguly ş., Durdyhan Ýanyk köçesiniň 2-nji jaýy, tel.: (800248) 4-04-17, 4-04-26, 4-06-59;
  • Etrek etrap hassahanasy: Etrek ş., Garagum köçesiniň 13-nji jaýy, tel.: (800242) 4-01-39, 4-01-84;
  • Esenguly etrap hassahanasy: Esenguly ş., 4-nji köçesiniň 1-nji kiçi etrapçasynyň 248-nji jaýy, tel.: (800245) 3-00-75, 3-06-00, 3-01-20, 3-01-24, 3-01-18.

 

Daşoguz welaýaty

  • Daşoguz şäher 1-nji saglyk öýi: Daşoguz ş., Şamçyrag köçesiniň 26-njy jaýy, tel.: (800322) 2-48-25, 2-56-83;
  • Daşoguz şäher 2-nji saglyk öýi: Daşoguz ş., Gurbansoltan eje köçesiniň 24-nji jaýy, tel.: (800322) 6-01-61, 6-07-56;
  • Daşoguz şäher 3-nji saglyk öýi: Daşoguz ş., Merkez-3 ýaşaýyş toplumynyň 15-nji jaýy, tel.: (800322) 7-03-20, 9-28-10;
  • Köneürgenç etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi: Köneürgenç ş., G.Atabaýew köçesiniň 47-nji jaýy, tel.: (800347) 31-6-02, 32-3-37, 31-9-63;
  • Gurbansoltan eje adyndaky etrap hassahanasynyň keseli anyklaýyş bölümi: Gurbansoltan eje adyndaky ş., Andalyp köçesiniň 21-nji jaýy, tel.:(800343) 3-15-81, 3-03-50, 3-15-71.

 

Lebap welaýaty

  • Türkmenabat şäheriniň 1-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., Zynhary köçesiniň 31-nji jaýy, tel.: (800422) 7-12-35, 7-16-71, 7-06-76;
  • Türkmenabat şäheriniň 2-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., 3-nji kwartal, tel.: (800422) 2-33-06, 2-52-83, 2-59-02;
  • Türkmenabat şäheriniň 3-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., Lebap şosse 3/1 jaý, tel.: (800422) 9-25-74, 2-10-96, 9-28-90, 2-04-93, 9-01-59;
  • Türkmenabat şäheriniň 4-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., Mukaddes Ruhnama köçesi, tel.: (800422) 6-82-23, 6-99-83, 6-90-56;
  • Türkmenabat şäheriniň 5-nji saglyk öýi: Türkmenabat ş., Magtymguly köçesiniň 113a jaýy, tel.: (800422) 3-50-59, 3-77-60, 3-82-52, 3-63-73, 3-78-77, 3-50-70;
  • Kerki etrap hassahanasy: Kerki ş., S.Nyýazow köçesiniň 137-nji jaýy, tel.: (800444) 2-03-22, 2-00-03, 2-50-65, 2-55-90;
  • Dänew etrap hassahanasy: Dänew ş., S.Nyýazow köçesiniň 71-nji jaýy, tel.: (800422) 2-03-46, 2-04-59, 2-06-03, 2-06-29, 2-25-03.

 

Mary welaýaty

  • Mary şäher 1-nji saglyk öýi: Mary ş., Oguzhan köçesiniň 29-njy jaýy, tel.: (800 522) 5-03-74, 5-17-42;
  • Mary şäher 3-nji saglyk öýi: Mary ş., Bitaraplyk köçesiniň 32-nji jaýy, tel.: (800 522) 5-26-81, 5-28-58;
  • Ýolöten etrap hassahanasy: Ýolöten ş., Atçapar köçesiniň 62-nji jaýy, tel.: (800 560) 6-55-23, 6-50-67;
  • Sakarçäge etrap hassahanasy: Sakarçäge ş., G.Baýnazarow adyndaky  köçesiniň 3-nji jaýy, tel.: (800 522) 6-01-75, (800566) 5-30-42;
  • Tagtabazar etrap hassahanasy: Tagtabazar ş., Lukman – Hekim köçesiniň 10-njy jaýy, tel.: (800 568) 5-23-58, 5-11-07;
  • Mary etrap hassahanasy: Mary ş., Nury Halmämmedow köçesiniň 4-nji jaýy, tel.: (800 522) 5-44-92;
  • Wekilbazar etrap hassahanasy: Wekilbazar ş., Dostluk köçesiniň 8-nji jaýy, tel.: (800 558) 6-60-21, 6-60-92;
  • Murgap etrap hassahanasy: Murgap şäheri, Parahat köçesi, 33-nji jaý. tel.: (800 522) 6-05-64, (800 565) 4-19-36;
  • Türkmengala etrap hassahanasy: Türkmengala şäheri, Bitaraplyk köçesi, 28-nji jaýy. tel.: (800569) 3-18-27, 3-12-94; 
  • Garagum etrap hassahanasy: Garagum etrap, Ýagtyýol şäherçesi, Atabaýew köçesi, 3-nji jaý. tel.: (800557) 4-03-01, 4-03-03.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler