Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport instituty 2024/2025-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

0
48416
Salgysy:
Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40.
Telefon belgiňiz:
22-65-37, 22-68-61.
Soňky täzelenme:

Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport instituty 2024/2025-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Bedenterbiýe we sport (hünär: sport).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Bedenterbiýe we sport (hünärler: sport; bedenterbiýe; sport žurnalistikasy; sagaldyş işi; sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi).

2. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünär: sport desgalaryny dolandyrmak).

3. Psihologiýa ylymlary (hünär: sport psihologiýasy).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde  (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2024-nji ýy lyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— sport, bedenterbiýe, sagaldyş işi hünärleri boýunça okuwa girýänler üçin türgeniň I derejeden pes bolmadyk kämillik kitapçasy, sport mekdebinden hödürnama we häsiýetnama;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan, Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, Türkmenistanyň çempionlary we halkara sport ýaryşlarynyň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Aşgabat we Arkadag şäherleri — iýul aýynyň 31-i — awgust aýynyň 1-i, awgust aýynyň 3-i we 5-i günleri;
  • Ahal welaýaty — awgust aýynyň 2-si, 4-i we 6-sy  günleri;
  • Mary welaýaty — awgust aýynyň 7-si, 9-y we 11-i günleri;
  • Lebap welaýaty — awgust aýynyň 8-i, 10-y we 12-si günleri;
  • Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 13-i, 15-i we 16-sy günleri;
  • Balkan welaýaty — awgust aýynyň 14-i, 15-i we 16-sy  günleri.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

  • sport; bedenterbiýe; sagaldyş işi hünärleri — sportuň saýlanan görnüşi (okuwa girýänler institutda alnyp barylýan sportuň 46 görnüşiniň birinden tassyklanylan möçbernamany ýerine ýetirmeli), biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
  • sport žurnalistikasy hünäri — Türkmenistanyň taryhy, türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş;
  • sport desgalaryny dolandyrmak; sport tehnologiýalarynyň tehniki üpjünçiligi hünärleri — matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş;
  • psihologiýa (sport psihologiýasy) hünäri — biologiýa, türkmen dili we edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— orta sport mekdeplerini tamamlan ýokary derejeli türgenler;

— saýlan ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— 2020 — 2024-nji ýyllarda geçirilen halkara ýaryşlaryň ýeňijileri;

— 2020 — 2024-nji ýyllarda sportuň görnüşleri boýunça Türkmenistanyň milli ýygyndy toparlarynyň agzalary;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 40, tel.: 39­ 98­ 70, 39 ­98­ 71

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler