Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen oba hojalyk instituty 2023/2024-nji okuw ýyly üçin dalaşgärleri kabul edýändigini yglan edýär

0
72591
Salgysy:
Daşoguz ş., Ruhnama köçesi, 94.
Telefon belgiňiz:
9-33-92, 9-40-68, 9-38-65.
Soňky täzelenme:

Türkmen oba hojalyk instituty 2023/2024-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

I. Hünärmen maksatnamasy (býujet esasynda):

1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: agronomçylyk; agroekologiýa; tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy; ýyladyşhana hojalygy; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy).

II. Hünärmen maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Oba, tokaý we balyk hojalygy (hünärler: agrohimiýa we agrotopragy öwreniş; agroekologiýa; ýyladyşhana hojalygy; gidromeliorasiýa; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek).

2. Weterinariýa we zootehniýa (hünär: weterinar lukmançylygy).

III. Bakalawr maksatnamasy (tölegli esasda):

1. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugry: maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda) (okuwlar iňlis dilinde alnyp barlar). Okuwyň dowamlylygy 5 okuw ýylyna (1 ýyl — dil taýýarlygy, 4 ýyl — bakalawr maksatnamasy boýunça okuw) deňdir.

2. Maşyngurluşyk (taýýarlygyň ugry: awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak (oba hojalygynda).

3. Oba, tokaý we balyk hojalygy (taýýarlygyň ugurlary: agroinženerçilik; gidrotehniki desgalar; oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy).

4. Amaly geologiýa, dag işi, nebitgaz işi we geodeziýa (taýýarlygyň ugry: ýer gurluşygy we kadastrlar).

5. Maglumat howpsuzlygy (taýýarlygyň ugry: maglumat howpsuzlygynyň menejmenti (oba hojalygynda).

6. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugurlary: oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit (oba hojalygynda); sanly dolandyryş).

Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Lebap, Mary, Daşoguz welaýatlarynyň merkezlerinde  2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
  • umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
  • 3x4 möçberde sekiz sany fotosurat;
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
  • giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

  • şahsy pasportyny;
  • Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Daşoguz şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:

  • Mary welaýaty — awgust aýynyň 2-3-i, 6-sy we 8-i günleri;
  • Lebap welaýaty — awgust aýynyň 4-5-i, 7-si we 9-y günleri;
  • Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 10-11- 12-si, 13-14-i we 15-i günleri.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

Oba, tokaý we balyk hojalygy (agronomçylyk; agroekologiýa; agrohimiýa we topragy öwreniş; oba hojalyk ekinleriniň seçgisi we tohumçylygy; ýyladyşhana hojalygy), weterinariýa we zootehniýa ugurlary — himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy;
Oba, tokaý we balyk hojalygy (gidromeliorasiýa; gidromelioratiw ulgamlarynyň ulanylyşy; oba hojalygyny mehanizmleşdirmek; tehniki hyzmatyň guralyşy we tehnologiýasy; ýer gurluşygy we kadastry), informatika we hasaplaýyş tehnikasy (maglumat ulgamlary (oba hojalygynda), maglumat ulgamlary we tehnologiýalary (oba hojalygynda), maşyngurluşyk (awtomatlaşdyrmak we dolandyrmak (oba hojalygynda) ugurlary — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
Ykdysadyýet we dolandyryş ugry — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

  • çagyryş boýunça harby gullugy geçenler;
  • soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar.

 

Salgysy: Daşoguz ş., Ruhnama köçesi, 94,

Telefon: 9-33-92, 9-40-68, 9-38-65.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler