Soňky habarlar

Arhiw

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 2023/2024-nji okuw ýyly üçin taýýarlygyň «Bilimi dolandyrmak» ugry boýunça magistratura kabul edýändigini yglan edýär

0
46788
Salgysy:
Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31.
Telefon belgiňiz:
94-69-90, 94-54-29.
Soňky täzelenme:

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 2023/2024-nji okuw ýyly üçin taýýarlygyň «Bilimi dolandyrmak» ugry boýunça magistratura kabul edýändigini yglan edýär:

Magistraturada okuwyň möhleti 2 ýyl. Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Magistratura ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolanlar giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde  2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— magistratura okuwa girmeginiň maksadynyň beýany (500 sözden köp bolmaly däl);

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlykdan peýdalanýan Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň ýeňijileri hem-de ýokary okuw mekdebiniň Alymlar geňeşinden hödürnamalary bolanlar şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, dalaşgärler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär magistratura kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Uniwersitetiň resminamalary kabul edýän iş topary zerur bolan ýagdaýynda dalaşgärden goşmaça maglumatlary sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) 2023-nji ýylyň 21 — 23-nji awgusty  aralygynda geçirilýär.

Giriş synaglary pedagogika we psihologiýa dersleri boýunça geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda döwlet dilinde geçirilýär.

Bellenilen wagtda giriş synaglaryna esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaga goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan magistratura kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan ugry boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 31, tel.: 94-69-90, 94-54-29.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler