Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2023/2024-nji okuw ýyly üçin Nebitgaz işi taýýarlygynyň ugry boýunça magistratura kabul edýändigini yglan edýär

0
40719
Salgysy:
Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8.
Telefon belgiňiz:
39-13-74, 39-13-70.
Soňky täzelenme:

Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2023/2024-nji okuw ýyly üçin Nebitgaz işi taýýarlygynyň ugry boýunça magistratura kabul edýändigini yglan edýär:

1. Amaly geologiýa, dag işi, nebitgaz işi we geodeziýa (taýýarlygyň ugry: nebitgaz işi).

2. Himiýa tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: uglewodorod gazlaryny gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy)

Magistraturada okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Magistratura ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolanlar söhbetdeşlikleriň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2023-nji ýylyň 17 — 30-njy iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär magistratura kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synagy we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) 2023-nji ýylyň 7 — 20-nji awgusty aralygynda geçirilýär

Söhbetdeşlik nebitgaz işi taýýarlyk ugrunyň ýörite dersleri boýunça geçirilýär.

Bellenen wagtda esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça söhbetdeşlikden geçip bilmedikler soňky söhbetdeşlige goýberilmeýär.

Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8, tel.: 39-13-74, 39-13-70.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler