Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

0
11464
Salgysy:
Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22.
Telefon belgiňiz:
92-54-84.
Soňky täzelenme:

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

I. Býujet esasynda:

1. Türkmen milli saz gurallary.

2. Halk saz gurallary (görnüşleri boýunça) 

3. Kirişli saz gurallary.

4. Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary.

5. Sazyň taryhy we nazaryýeti.

6. Bagşyçylyk sungaty.

7. Hor dirižýorlygy.

8.  Horeografiýa sungaty.

II. Tölegli esasynda:

1. Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallary.

2. Aýdym aýtmak sungaty (wokal)

3. Saz mugallymçylygy.

4. Fortepiano.

5.  Estrada sungaty (görnüşl ri boýunça)

Ýörite sazçylyk mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Ýörite sazçylyk mekdebiniň horeografiýa sungaty (halk tansy) hünärine M.Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň, ýurdumyzyň çagalar sungat mekdepleriniň tans bölümini tamamlan, şeýle-de döredijilik we tans toparlarynda tansçy bolup azyndan 2 ýyl işlän ýa-da iş tejribesi bolan oglan-gyzlar kabul edilýär.

Ýörite sazçylyk mekdebiniň aýdym aýtmak sungaty (wokal) hünärine 18 ýaşyny dolduran, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Ýörite sazçylyk mekdep-internatyny, ýurdumyzyň çagalar sungat mekdeplerini tamamlan oglan-gyzlar kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji  iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— sazçylyk bilimi barada resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, taýýarlygyň döredijilik ugurlary (hünärleri) boýunça bilim edaralaryna girýän milli we halkara döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileri şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek  2024-nji ýylyň iýul aýynyň — 31-i günlerinde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:

— hünär: sazyň taryhy we nazaryýeti — hünäri boýunça, fortepiano we saz edebiýaty, Türkmenistanyň taryhy;

— hünärler: horeografiýa sungaty; aýdym aýtmak sungaty (wokal) — hünäri boýunça iki tapgyrda, Türkmenistanyň taryhy;

— beýleki hünärler — hünäri boýunça, solfejio we sazyň nazaryýeti, Türkmenistanyň taryhy.

Dersler boýunça giriş synaglary sungat mekdepleriniň we Türkmenistanyň orta mekdepleriniň (Türkmenistanyň taryhy) okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Türkmenistanyň taryhy dersi boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., 1984-nji (Puşkin) köçe, 22,  tel.: 92­-54­-84, 92­-52­-19.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler