Soňky habarlar

Arhiw

Mary welaýat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi 2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär

0
6101
Salgysy:
Baýramaly ş., Raýdaşlyk köçesi, 5.
Telefon belgiňiz:
6-92-96, 6-92-97.
Soňky täzelenme:

Mary welaýat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi 2023/2024-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

1. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.

2. Maliýe we karz.

3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.

4. Salgytlar we salgyt salmak.

5. Bank işlerini programmirlemek.

6. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary. 

Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebine Mary welaýatynda hemişelik ýaşaýan umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Okuwyň möhleti 2 ýyl we tölegli.

Resmi iş kagyzlary Baýramaly şäherinde 2023-nji ýy­lyň 17-nji iýu­ly — 21-nji aw­gus­ty aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;

— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— şahsy pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2023-nji ýy­lyň aw­gust aýy­nyň 24-25-i, 27-si we 28-i günlerinde Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde (Baýramaly ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş derslerinden geçirilýär.

Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.

Giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:

— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;

— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.

Mary welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Baýramaly ş., Raýdaşlyk köçesi, 5, tel.: 6-92-96, 6-92-97.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler