Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrligi Aşgabadyň panbarhat fabriginiň çäginde himiki süýümiň önümçiligini ýola goýmak üçin halkara bäsleşigi yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin bellenen tertipde tilsimat enjamlaryny getirip gurnamakda tejribesi bolan ýerli we daşary ýurt kompaniýalary çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:
— bäsleşige gatnaşmak üçin gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, hasaba alnan ýurduny we rekwizitlerini görkezmek bilen, ýazmaça talapnama berilmeli;
— bäsleşigiň düzgünleri bilen tanyşmaly;
— tehniki tabşyrygy almaly;
— getiriljek enjamlaryň hili we gelip çykyşy barada degişli resminamalary goşmak bilen, täjirçilik teklibini düzüp tabşyrmaly;
— bäsleşik resminamalarynyň bukjasyny almak üçin ABŞ-nyň 345 (üç ýüz kyrk bäş) dollaryny, şol sanda 15 göterim GBüS tölemeli.
Bäsleşik tekliplerine hasaplaşyk hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň serediljekdir.
Bäsleşik teklipleri 2020-nji ýylyň 31-nji iýulyna çenli kabul edilýär.
Bäsleşik tekliplerini aşakda görkezilen salga ibermeli: Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň 96-njy jaýy.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 40-71-57, 40-71-77.
Başga-da bu temada

Döwlet
|11.02.2024
67117
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär

Döwlet
|11.02.2024
64373
Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

Döwlet
|29.01.2024
40907
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Döwlet
|26.01.2024
36932
