Daşoguz welaýat häkimligi Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň Altyn ýol geňeşliginiň Şorýer we Dilewar obalarynyň howa elektrik geçirijileriniň hem-de Gurbansoltan eje adyndaky etrabynyň Gurbansoltan eje adyndaky şäherinde howa elektrik geçirijileriniň gurluşyk-gurnama işleri ugrunda potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:
— gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
— edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
— häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.
Bäsleşik teklipleri 2020-nji ýylyň 20-nji apreline, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 9-03-02, 9-03-14, faks: 9-30-85.

11.02.2024
67093

11.02.2024
64354

29.01.2024
40891

26.01.2024
36912