Soňky habarlar
Arhiw
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi «Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň buýurmagynda halkara bäsleşik yglan edýär
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi halkara bäsleşik yglan edýär.
«Türkmenaragatnaşyk» agentliginiň buýurmagynda:
— Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty üçin bir bitewi IT (maglumat tehnologiýalar merkezi) merkeziniň binasynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça;
— Balkan welaýaty üçin IT merkeziniň binasynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça;
— Daşoguz welaýaty üçin IT merkeziniň binasynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça;
— Lebap welaýaty üçin IT merkeziniň binasynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça;
— Mary welaýaty üçin IT merkeziniň binasynyň taslamasyny düzmek we gurmak boýunça.
Gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 84-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär. Haýyşnamalar 2020-nji ýylyň 27-nji maýyna çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 44-47-26, 44-46-64, 44-47-56.
Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň