Turkmenportal logo
27.03.20
1397913979
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşoguz welaýat häkimligi Tomman we Guýulyk obalaryny howa elektrik geçirijileri bilen üpjün etmek boýunça bäsleşik yglan edýär
Telefon belgisi:9-03-02, 9-03-14, faks: 9-30-85.

Daşoguz welaýat häkimligi welaýatyň Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň M.Hojamämmedow adyndaky geňeşliginiň Tomman we Guýulyk obalarynyň howa elektrik geçirijileriniň gurluşyk işlerini ýerine ýetirmek üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär.


Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.


Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:


— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;


— edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;


— häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.


Bäsleşik teklipleri 2020-nji ýylyň 1-nji apreline, sagat 9.00-dan 18.30-a çenli kabul edilýär.


Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 9-03-02, 9-03-14, faks: 9-30-85.

Başga-da bu temada