Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň kanuny «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda

0
44926
Soňky täzelenme:

1-nji madda. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň 25 ýyllygy mynasybetli, Garaşsyzlyk ýyllary içinde hemişelik Bitarap döwletimiziň durmuşynyň syýasy, ykdysady, medeni ugurlarynda ajaýyp zähmet üstünliklerini gazanan adamlary sylaglamak maksady bilen, «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmeli.

2-nji madda. «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hakynda Düzgünnamany tassyklamaly (goşulýar).

3-nji madda. «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň Ýazgysyny tassyklamaly (goşulýar).

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW.


Aşgabat şäheri. 2020-nji ýylyň 14-nji marty.

 

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna»
atly Türkmenistanyň ýubileý medaly hakynda
DÜZGÜNNAMA

1. «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly döwlet Garaşsyzlygynyň ýyllary içinde Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmak ugrunda ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady, ruhy-medeni we beýleki ugurlardaky ösüşine halal zähmeti bilen uly goşant goşan adamlary sylaglamak üçin döredilýär.

2. «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen:

Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygyny we hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmak ugrunda köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmeti, işjeň we önjeýli döwlet we jemgyýetçilik işi, şeýle hem hemişelik bitaraplyk ýörelgelerine laýyklykda ata Watanymyzyň halkara derejesindäki abraýyny berkitmekde goşan uly şahsy goşandy üçin;

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak, ylmyny, bilimini, medeniýetini we sungatyny, saglygy goraýşyny hem-de ýurduň durmuşynyň beýleki ähli ugurlaryny ösdürmek boýunça işlenip taýýarlanan maksatnamalary durmuşa geçirmekde gazanan ajaýyp üstünlikleri we ýokary hyzmatlary üçin;

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň goranmak ukybyny berkitmäge, raýatlaryň howpsuzlygyny, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmek işine goşan uly şahsy goşandy üçin;

ösüp gelýän ýaş nesli ata Watanymyza bolan söýgi we wepalylyk, mertlik, halallyk, ýokary ruhubelentlik sypatlarynda terbiýelemek işinde görkezen hyzmatlary üçin sylaglanylýar.

3. «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen Türkmenistanyň raýatlary sylaglanylýar.

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan daşary ýurt raýatlary hem sylaglanyp bilner.

4. Şu sylaga mynasyp bolan adamlara «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we onuň şahadatnamasy gowşurylýar.

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna»
atly Türkmenistanyň ýubileý medalynyň
ÝAZGYSY

«Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly sekizburçluk görnüşinde ýasalan. Sekizburçlugyň burçlarynyň her birinde açyk ýaşyl reňkli milli nagyş şekillendirilen.

Sekizburçlugyň merkezinde umumy diametri 30.34 mm bolan tegelekleriň ikisi ýerleşdirilen, diametri 22.62 mm bolan içki tegelekde Birleşen Milletler Guramasynyň nyşany şekillendirilen. Nyşanyň üstünde boýy 18.34 mm, ini 10.82 mm bolan Türkmenistanyň Bitaraplyk binasy, onuň sag tarapynda boýy 7.87 mm, ini 6.83 mm bolan Türkmenistanyň parlap duran baýdagynyň şekili, çep tarapynda bolsa boýy 3.02 mm, ini 8.86 mm bolan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyny aňladýan rim san bilen «XXV» diýen ýazgy şekillendirilen.

Ýubileý medalynyň içki tegeleginiň daşynda ýerligi ak reňk bilen syrçalanan tegelek halkanyň içinde harplaryň ölçegi 1.40 mm bolan «GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN!» diýen altyn çaýylan ýazgy ýerleşdirilen. Tegelek halkanyň içindäki sekizburçlugyň we ýüzlenme belgisiniň beýikligi — 1.85 mm.

Ýubileý medalynyň umumy diametri — 72.68 mm.

Ýubileý medaly halkajyklar arkaly ini 30.82 mm we beýikligi 20.22 mm bolan baýdak görnüşdäki kolodka birleşdirilýär. Ýaşyl reňkli syrça örtülen kolodkada türkmen milli gölleri, iki sany zeýtun pudagy we bäş ýyldyzly ýarym aý şekillendirilen.

Ýubileý medalynyň arka ýüzündäki tegelek şekiliň diametri — 31.06 mm, iňňebagjygyň uzynlygy — 25.61 mm.

Ýubileý medaly 925 mähekli kümüşden ýasalyp, onuň ýüzüne altyn çaýylýar.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler