Daşoguz welaýat häkimligi Daşoguz — Boldumsaz awtomobil ýolundan Boldumsaz etrabynyň Boldumsaz şäherindäki täze paýlanan mellek ýerlere çenli awtomobil ýolunyň, Görogly etrabyndaky kuwwatlylygy 10 müň m3 bolan agyz suwy arassalaýjy desganyň ýolunyň gurluşyklary, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynyň Gurbansoltan eje geňeşliginiň Kirşenoý obasynyň howa elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşyk-gurnama, Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky şäheriň howa elektrik geçiriji ulgamynyň gurluşyk-gurnama işleri hem-de Daşoguz şäherindäki «Merkez — 35/10 kW» elektrik bekediniň, kuwwatlylygy 6 kW we 10 kW bolan howa elektrik geçirijileriniň durkuny täzelemek işleri üçin potratçylary saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:
— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;
— edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
— häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.
Bäsleşik teklipleri 2020-nji ýylyň 20-nji martyna, sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefon belgilerimiz: 9-03-02, 9-03-14, faks: 9-30-85.
Başga-da bu temada

Döwlet
|11.02.2024
67142
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär

Döwlet
|11.02.2024
64392
Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

Döwlet
|29.01.2024
40915
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Döwlet
|26.01.2024
36953