Turkmenportal logo
23.02.20
1552115521
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Daşoguz welaýat häkimligi bäsleşik yglan edýär
Salgysy:Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýy
Telefon belgisi:9-03-02, 9-03-14, faks: 9-30-85

Daşoguz welaýat häkimligi Daşoguz welaýatynyň çäginde Döwlet býujetiniň hasabyna maliýeleşdirilýän «Abadanlaşdyryş desgalaryny düýpli abatlamak» — 2713-nji madda, «Gazanlary, ýylylyk, suw geçiriji we lagym ulgamlaryny düýpli abatlamak» — 2714-nji madda, «Ýaşaýyş jaýlary düýpli abatlamak» — 2716-njy madda boýunça ýerine ýetirilmeli düýpli abatlaýyş we abadanlaşdyryş işleri ugrunda potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär.


Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.


Bäsleşige gatnaşmak üçin talap edilýän resminamalar:


— gatnaşyjynyň doly adyny, onuň hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermek;


— edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;


— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;


— häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.


Bäsleşik teklipleri 2020-nji ýylyň 25-nji fewralyna, sagat 9.00-dan 18.30-a çenli kabul edilýär.


Salgysy: Daşoguz şäheriniň S.Türkmenbaşy şaýolunyň 10/1-nji jaýy, Daşoguz welaýat häkimligi.


Habarlaşmak üçin telefon belgileri: 9-03-02, 9-03-14, faks: 9-30-85.

Başga-da bu temada