Daşoguz welaýat häkimligi, «Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin rejelenen görnüşdäki Milli maksatnamasyna» laýyklykda, Daşoguz şäherinde 1 sany çagalar bagynyň, 600 orunlyk orta mekdebiň, Boldumsaz etrabynda 1 sany çagalar bagynyň we 1 sany orta mekdebiň, Köneürgenç etrabynda 1 sany orta mekdebiň, Akdepe etrabynda 1 sany çagalar bagynyň, 1 sany orta mekdebiň we 1 sany Medeniýet öýüniň, Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda 1 sany orta mekdebiň, 1 sany saglyk öýüniň, Görogly etrabynda 1 sany orta mekdebiň, S.A.Nyýazow adyndaky etrapda 1 sany orta mekdebiň we 1 sany çagalar bagynyň, Gubadag etrabynda 1 sany çagalar bagynyň we 2 sany orta mekdebiň gurluşyklary üçin potratçylary seçip-saýlap almak boýunça bäsleşik yglan edýär.
Bäsleşige gatnaşmak üçin Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnan ýerli edara-kärhanalar çagyrylýar.
Bäsleşige gatnaşmak isleýänlerden edilýän talaplar:
— gatnaşyjynyň doly adyny, hukuk derejesini, Türkmenistanda resmi tertipde bellige alnandygy barada maglumatlary görkezmek bilen, bäsleşige gatnaşmak barada ýazmaça arza bermeli;
— edara-kärhanalaryň maddy-tehniki binýady barada maglumat;
— hususy kärhanalara Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden kepilnama;
— häzirki wagta çenli ýerine ýetiren gurluşyk-abatlaýyş işleri barada maglumat.
Bäsleşik teklipleri 2020-nji ýylyň 20-nji fewralyna, her gün sagat 9:00-dan 18:30-a çenli kabul edilýär.
Habarlaşmak üçin telefonlarymyz: 9-03-02, 9-03-14, faks 9-30-85.
Başga-da bu temada

Döwlet
|11.02.2024
67107
Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi halkara bäsleşigi gaýtadan yglan edýär

Döwlet
|11.02.2024
64365
Türkmenistanyň Döwlet ösüş banky açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär

Döwlet
|29.01.2024
40898
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi harytlary satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär

Döwlet
|26.01.2024
36922
