7-23-nji ýanwar aralygynda «Milli goşun» žurnaly bäsleşik yglan edýär

0
23657
Telefon belgiňiz:
40-59-11; 40-59-67; 40-85-72; 40-59-37; 40-59-68
Pocta:
mgoshun@gmail.com
Web adres:
www.milligosun.gov.tm

Watan goragçylarynyň güni mynasybetli «Milli goşun» žurnalynyň web-saýtynda geçiriljek «Gaýratyňyz egsilmesin, mertebäňiz beýgelsin!» atly döredijilik bäsleşiginiň düzgünnamasy.

I. Bäsleşigiň maksady:

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan yglan edilen bäsleşigiň esasy maksady, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky asylly ýörelgesini wagyz etmekden, ýaş zehinleri ýüze çykarmakdan, olary höweslendirmekden we döredijilik üstünliklerine ruhlandyrmakdan, ýaşlarda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleri babatda oňyn jemgyýetçilik garaýşyny döretmekden ybaratdyr.

II. Bäsleşigiň geçirilişiniň tertibi.

1. Bäsleşik 2020-nji ýylyň 7-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan «Milli goşun» žurnalynyň web-saýtynda ýörite habar arkaly yglan edilýär.

2. Bäsleşige gatnaşyjylar öz eserlerini 2020-nji ýylyň 23-nji ýanwaryna çenli Bäsleşige hödürleýärler.

3. 2020-nji ýylyň 23-24-nji ýanwar aralygynda emin-agzalar tarapyndan Bäsleşigiň ýeňijileri kesgitlenilýär.

4. 2020-nji ýylyň 24-nji ýanwarynda «Milli goşun» žurnalynyň web-saýtynda ýeňijiler aýratyn habarda yglan edilýär.

5. 2020-nji ýylyň 25-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde bäsleşigiň ýeňijilerine Hormat hatlarydyr gymmat bahaly sowgatlary gowşurmak dabarasy geçirilýär.

III. Bäsleşigiň şertleri we düzgünleri.

1. Bäsleşige gatnaşyjylar iki sany şerti hökmany suratda berjaý etmeli:

I) Bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýänler öz awtorlygyna degişli bolan Watançylyk temasyndan goşgy ýa-da gysga göwrümli proza eserini (oýlanma, gysgajyk hekaýalar we ş.m.) hödürlemeli.

Hödürlenjek eserler mgoshun@gmail.com elektron salgysyna ugradylmaly (eserlere çäklendirme: her awtor 1 eser bilen gatnaşyp bilýär; goşgy – 4-5 topbakdan kän bolmaly däl, proza eserleri 1 sahypadan geçmeli däl (şrift – Times New Roman; kegel – 14; polýalar – standart; interwal – 1,15).

II) Sosial torlarda (imo, intagram we beýlekiler) Watan goragçylarynyň güni mynasybetli taýýarlanyp, web-saýtymyzyň «Bäsleşik» bölüminde goýlan gutlag suratlarynyň (otkrytkalaryň) azyndan 3 sanysyny paýlaşmaly (paýlaşylandygy hakynda ssylka ýa-da skrinşot arkaly elektron poçtamyzyň üsti bilen bize habar bermeli).

2. Bäsleşigiň esasy iki şerti talabalaýyk berjaý edilenden soň, ugradylan eserlere emin-agzalar tarapyndan deslapky seljeriş işleri geçirilýär. Eseriň bäsleşige gatnaşmaga mynasypmy ýa-da mynasyp däldigini gutarnykly ýagdaýda şolar kesgitleýär. Soňra eser web-saýtda post arkaly paýlaşylar we diňe şondan bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazanar.

3. Ýaryşa hödürlenýän eser täze, ozal hiç ýerde (metbugatda, sosial torlarda) çap edilmedik bolmaly.

Ozal bir ýerde çap edilen bolsa, ýaryşdan çykarylar (bu barada web-saýtymyzyň okyjylary ýa-da beýleki bäsleşige gatnaşyjylar poçtamyza hat ugratmak arkaly duýduryp bilerler. Şondan soň ýagdaý doly anyklanylar).

4. Eserler türkmen dilinde bolmaly we gatnaşyjylara ýaş çäklendirmesi ýok.

5. Ýaryşa hödürlenen eseriň awtorynyň doly at we familiýasy, salgysy, telefon belgisi, bar bolsa işleýän (okaýan) ýeri anyk we takyk görkezilmeli.

6. Iki ugur boýunça umumylykda (poeziýa, proza) Baş baýrak we 3 baýrakly orun göz öňüne tutulýar. 3 baýrakly ornuň ýeňijileri – 50% okalan sany boýunça, 50% bolsa ýörite düzülen emin-agzalar topary tarapyndan kesgitlener. Baş baýraga mynasyp boljak eser bolsa, 100% emin-agzalar tarapyndan ykrar ediler. Bäsleşigiň ýeňijilerine garaşýan baýraklar:

Baş baýrak – redmi note 8;

1-nji ýer – tozan sorujy enjamy;

2-nji ýer – mikro tolkunly peç;

3-nji ýer – akylly sagat.

Bäsleşikde baýrakly orunlara mynasyp bolmadyk, ýöne aýratyn tapawutlanan eserlere höweslendiriji baýraklar göz öňüne tutulýar.

7. Eseriňiz emin-agzalar topary tarapyndan bäsleşige gatnaşmaga mynasyp görülmese, elektron poçta arkaly goşmaça duýduryljakdyr.

8. Bäsleşik üçin ugradylan eserler web-saýtymyzyň «Bäsleşik» bölüminde goýlar.

9. Şeýle-de, ýaryşa hödürlenen islendik eser «Milli goşun» žurnalynyň redkollegiýasy tarapyndan makul görülse, awtorlyk hukugynyň talaplary doly berjaý edilip, žurnalda çap ediler.

IV. Bäsleşigiň emin agzalary we ýeňijileri kesgitlemegiň tertibi.

Bäsleşige gatnaşyjylaryň arasynda ýeňijileri kesgitlemek üçin Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işgärlerinden düzülen emin agzalar topary döredilýär.

Emin agzalar bäsleşige hödürlenen işler bilen tanşyp, olara beýan edilişiň çeperçiligi we sýužediň gyzyklylygy boýunça baha bermeli we Bäsleşige gatnaşyjylar tarapyndan görkezilen şertleriň ählisiniň ýerine ýetirilendigine gözegçilik etmeli.

V. Ýeňijileri sylaglamak.

Bäsleşige hödürlenjek eserler bäsleşik yglan edilen gününden başlap, 23.01.2020 ý. senesine çenli kabul ediler. Ýeňijiler Watan goragçylarynyň gününiň öňüsyrasynda yglan ediler we bu barada goşmaça habar beriler. 25.01.2020 ý.senede resmi ýagdaýda baýrak gowşurylyş dabarasy guralyp, bäsleşigiň ýeňijilerine Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň redaksiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlary gowşurylýar.

web salgysy: www.milligosun.gov.tm

E-poçta: mgoshun@gmail.com

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-59-11; 40-59-67; 40-85-72; 40-59-37; 40-59-68.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler