
Demirgazyk Irlandiýanyň «Setanta Sports» kompaniýasy bilen baglaşylan şertnamany dowam edip, sport janköýerlerini gyzykly duşuşyklar bilen begendirýän «Türkmenistan Sport» teleýaýlymy 29-njy oktýabr ― 2-nji noýabr aralygyndaky gepleşikleriniň rejenamasyna Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlaryndan 12 duşuşygy we «Formula 1-iň» ABŞ Gran Prisinden bir ýaryşy göni ýaýlymda alyp görkezmegi goşdy.
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň resmi saýtynda berilýän maglumata görä, şu bäş günüň dowamynda futbol janköýerleri «Barselona», «Real Madrid», «Atletiko Madrid», «Milan», PSŽ, «Roma», «Napoli» ýaly Ýewropanyň öňdebaryjy toparlarynyň duşuşyklaryna tomaşa edip bilerler. Italiýanyň we Ispaniýanyň çempionaty üçin aýratyn ähmiýete eýe bolan «Roma» ― «Napoli» we «Sewilýa» ― «Atletiko Madrid» duşuşyklarynyň aýratyn gyzykly boljakdygyna ynam bildirýäris. Geliň, şu bäş günde ýaýlymyň meýilleşdirýän duşuşyklarydyr ýaryşlary bilen tanyş bolalyň!
29.10.2019 ý.
“La Liga” – Ispaniýa, “Alawes” – “Atletiko Madrid”, 22:55.
«La Liga» ― Ispaniýa, «Barselona» ― «Real Walýadolid», 01:10.
30. 10.2019 ý.
«Serie A» ― Italiýa, «Napoli» ― «Atalanta», 22:55
«La Liga» ― Ispaniýa, «Real Madrid» ― «Leganes», 01:10.
31.201.2019 ý.
«La Liga» ― Ispaniýa, «Eýbar» ― «Wilýarreal», 22:55.
«Serie A» ― Italiýa, «Milan» ― SPAL, 00:55
1.11.2019 ý.
«Liga 1» ― Fransiýa, «Dižon» ― PSŽ, 00:40
2.11.2019 ý.
«Serie A» ― Italiýa, «Roma» ― «Napoli», 18:55
«La Liga» ― Ispaniýa, «Sewilýa» ― «Atletiko Madrid», 22:25
«La Liga» ― Ispaniýa, «Real Madrid» ― «Real Betis», 00:55.
3.11.2019 ý.
«La Liga» ― Ispaniýa, «Wilýarreal» ― «Atletik Bilbao», 17:55
«Serie A» ― Italiýa, «Fiorentina» ― «Parma», 21:55
«Formula 1», «Gran Pri ABŞ», 00:05.
Başga-da bu temada

Konsertler
|22.11.2025
2107
Türkmenistan kinokonsert merekeziniň afişasy

Konsertler
|01.11.2025
9193
«Mekdebe öwrülen ömür» atly Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almamedowyň we onuň şägirtleriniň sergisi

Çagalara
|31.05.2025
26191
Çagalary goramaklygyn güni mynasybetli @nur_art_school ähliñizi art baýramçylygyna çagyrýar!

Konsertler
|23.05.2025
22128
