Aşgabatda Ermenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

2019 ýylyň 5–7-nji noýabry aralygynda Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçiriler. Çärä gatnaşmak üçin dostlukly ýurduň bilim, ylym, medeniýet we sport ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky döredijilik wekiliýeti geler.
Göz öňünde tutulan çäreleriň çäklerinde amaly-haşam we şekillendiriş sungatynyň eserleriniň sergisi, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň hem-de Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň Terýan medeni merkeziň hünärmenleri bilen duşuşyklary geçiriler, ermeni kinofilmleri görkeziler. Medeniýet günleriniň açylyş we ýapylyş dabaralary Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde geçiriler.
Başga-da bu temada

Konsertler
|22.11.2025
2105
Türkmenistan kinokonsert merekeziniň afişasy

Konsertler
|01.11.2025
9193
«Mekdebe öwrülen ömür» atly Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almamedowyň we onuň şägirtleriniň sergisi

Çagalara
|31.05.2025
26191
Çagalary goramaklygyn güni mynasybetli @nur_art_school ähliñizi art baýramçylygyna çagyrýar!

Konsertler
|23.05.2025
22128
