Aşgabatda küşt boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçiriler

21-30-njy oktýabr aralygynda Aşgabat şäherindäki Ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde küşt sporty boýunça Türkmenistanyň birinjiligi geçiriler. Milli ýaryşy Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi Aşgabat şäher häkimligi bilen bilelikde geçirer.
Türkmen küştçüleriniň halkara ýaryşlarda, şol sanda dünýä çempionatlarynda hem üstünlikli çykyş edýändigini nygtamak gerek. Yzygiderli geçirilýän milli birinjilikler bolsa täze zehinleriň ýüze çykmagyna ýardam edýär. Aýyň üçünji ongünlüginde 10 günüň dowamynda geçiriljek milli birinjilikde dürli ýaş toparlaryndaky küştçüleriň arasynda ýaryşlar geçiriler. Ýeňijilere medallar we Hormat hatlary gowşurylar.
Başga-da bu temada

Konsertler
|22.11.2025
2196
Türkmenistan kinokonsert merekeziniň afişasy

Konsertler
|01.11.2025
9256
«Mekdebe öwrülen ömür» atly Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almamedowyň we onuň şägirtleriniň sergisi

Çagalara
|31.05.2025
26249
Çagalary goramaklygyn güni mynasybetli @nur_art_school ähliñizi art baýramçylygyna çagyrýar!

Konsertler
|23.05.2025
22146
