Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti 2019/2020-nji okuw ýyly üçin Hünär bilimi (Inženerçilik we tehniki dersleri okatmagyň usulyýeti) taýýarlygynyň ugry boýunça magistratura kabul edýändigini yglan edýär:

0
65990
Salgysy:
г. Ашхабад, ул. Кёши, дом 100
Telefon belgiňiz:
39-16-67
Soňky täzelenme:

Magistraturada okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Magistratura ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolanlar söhbetdeşlikleriň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2019-njy ýylyň 8 — 21-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýän ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýär we nusgalaryny tabşyrýar:
— şahsy pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär magistratura kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Söhbetdeşlikler we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) 2019-njy ýylyň awgust aýynyň 1 — 2-sine geçirilýär.
Söhbetdeşlikler iňlis dili we matematika dersleri boýunça geçirilýär.
Bellenen wagtda söhbetdeşlige esassyz sebäplere görä gelmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça söhbetdeşlikden geçip bilmedikler soňky söhbetdeşlige goýberilmeýär.
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Köşi köçesi, 100, tel.: 39-16-67.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler