Soňky habarlar

Archive news

Halkara nebit we gaz uniwersiteti 2019/2020-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri we bakalawrlary taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

0
2267
Salgysy:
г. Ашхабад, Арчабил шаёлы, 8
Telefon belgiňiz:
39-13-74, 39-13-70

1. Amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geodeziýa (hünärler: nebit-gaz känlerini özleşdirmek we ulanmak; nebit we gaz guýularyny burawlamak; nebitgazgeçirijilerini we nebitgazyň saklanýan ýerlerini taslamak, gurmak we ulanmak; nebitiň we gazyň geologiýasy; ýerüsti dag işleri; gidrogeologiýa we inžener geologiýasy; geologik kartalaşdyrma we magdan ýataklarynyň gözlegi; peýdaly magdanlary gözlemegiň we barlamagyň geofiziki usullary; markşeýderlik işi; gazylyp alynýan peýdaly magdanlary baýlaşdyrmak; gazylyp alynýan peýdaly magdan känlerini özleşdirmek).
2. Himiýa tehnologiýalary (hünär: nebiti we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy).
3. Tehnosfera howpsuzlygy we tebigy abadanlaşdyryş (hünär: daşky gurşawy goramak we tebigy baýlyklary tygşytly peýdalanmak).
4. Tehniki ulgamlarda dolandyryş (hünär: standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak).
5. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (hünärler: maglumatlary işläp taýýarlamagyň we dolandyrmagyň awtomatlaşdyrylan ulgamlary; maglumat tehnologiýalarynyň programma üpjünçiligi).
6. Maşyngurluşyk (hünärler: sowadyjy, kompressor maşynlary we desgalary; nebit, gaz känleriniň maşynlary we enjamlary).
7. Gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary (hünär: nebitgaz desgalary we senagat gurluşygy).
8. Elektro we ýylylyk energetikasy (hünärler: elektrik üpjünçiligi; senagat desgalarynyň we tehnologik toplumlaryň elektrohereketlendirilişi hem-de awtomatikasy; gazturbina desgalary we gazkompressor stansiýalary).
9. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünär: ykdysadyýet we dolandyryş (nebitgaz pudagynda)).
Iňlis dilinde okadyljak bakalawrlaryň taýýarlanylýan ugurlary (bakalawr üçin okuwyň möhleti 5 ýyl; 1 ýyl — dil taýýarlygy, 4 ýyl — hünär taýýarlygy):
1. Amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geodeziýa (taýýarlygyň ugurlary: nebitgaz işi; gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi).
2. Himiýa tehnologiýalary (taýýarlygyň ugry: himiýa tehnologiýasy).
3. Informatika we hasaplaýyş tehnikasy (taýýarlygyň ugry: programma inženerligi).
4. Ykdysadyýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: logistika (nebitgaz pudagynda).
Iňlis dilinde erkin gepleýän dalaşgärler giriş synaglaryny üstünlikli tabşyranlaryndan soňra taýýarlygyň nebitgaz işi; gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi; himiýa tehnologiýasy; programma inženerligi we logistika (nebitgaz pudagynda) ugurlary boýunça dil öwreniş bölüminde okuw taýýarlygyny geçmezden bakalawrlygyň 1-nji okuw ýylyna başlamak üçin iňlis dilinden barlag testini tabşyrýarlar.
Uniwersitete Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Uniwersitetde okuwlar tölegli esasda alnyp barlar.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2019-njy ýylyň 8 — 21-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Aşgabat şäheri — iýul aýynyň 24-i, 26-sy we 28-i günleri
Ahal welaýaty — iýul aýynyň 25-i, 27-si we 29-y günleri
Balkan welaýaty — iýul aýynyň 30-y, awgust aýynyň 1-i we 3-i günleri
Lebap welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 2-si we 4-i günleri
Mary welaýaty — awgust aýynyň 5-i, 7-si we 9-y günleri
Daşoguz welaýaty — awgust aýynyň 6-sy, 8-i we 10-y günleri.
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
amaly geologiýa, dag işleri, nebitgaz işi we geodeziýa ugry — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
himiýa tehnologiýalary ugry — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
tehnosfera howpsuzlygy we tebigy abadanlaşdyryş ugry — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
tehniki ulgamlarda dolandyryş ugry — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
informatika we hasaplaýyş tehnikasy ugry — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
maşyngurluşyk ugry — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
gurluşygyň tehnikasy we tehnologiýalary ugry — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
elektro we ýylylyk energetikasy ugry — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
ykdysadyýet we dolandyryş ugry — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
iňlis dilinde okadyljak bakalawrlaryň taýýarlanylýan nebitgaz işi; gazylyp alynýan peýdaly magdanlaryň geologiýasy we gözlegi; programma inženerligi we logistika (nebitgaz pudagynda) taýýarlygynyň ugurlary — iňlis dili, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
himiýa tehnologiýasy taýýarlygynyň ugry — iňlis dili, himiýa, Türkmenistanyň taryhy.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk önümçilik tejribesi bolanlar;
— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň salgysy: Aşgabat ş., Arçabil şaýoly, 8, tel.: 39-13-74, 39-13-70.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Meňzeş täzelikler
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň