Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen döwlet maliýe instituty 2019/2020-nji okuw ýyly üçin hünärmenleri taýýarlamagyň aşakdaky ugurlary (hünärleri) boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

0
62162
Salgysy:
г.Ашхабад, (1987) проспект Героя Туркменистана Атамурата Ниязова, 112
Telefon belgiňiz:
49-61-99, 49-64-47
Soňky täzelenme:

1. Ykdysadyýet we dolandyryş (hünärler: maliýe; pul dolanyşygy we karz; salgytlar we salgyt salmak; bank işi we maliýe; ätiýaçlandyryş işi; birža işi; buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit; maliýe gözegçiligi; ykdysady informatika; maliýe menejmenti).
Instituta Türkmenistanyň umumy orta ýa-da orta hünär bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Institutda okuwlar tölegli esasda alnyp barlar.
Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde 2019-njy ýylyň 8 — 21-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta (ýa-da orta hünär) bilim baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek institutda (Aşgabat şäheri) aşakdaky möhletlerde geçirilýär:
Lebap welaýaty — iýul aýynyň 24-25-i, 27-si we 28-i günleri
Balkan welaýaty — iýul aýynyň 26-sy, 27-si we 28-i günleri
Mary welaýaty — iýul aýynyň 29-30-y, awgust aýynyň 1-i we 2-si günleri
Daşoguz welaýaty — iýul aýynyň 31-i, awgust aýynyň 1-i we 2-si günleri
Aşgabat şäheri — awgust aýynyň 3-4-i, 7-si we 8-i günleri
Ahal welaýaty — awgust aýynyň 5-6-sy, 7-si we 9-y günleri.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy, geografiýa derslerinden geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
— maliýe hünärleri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.
Türkmen döwlet maliýe institutynyň salgysy:Aşgabat ş., (1987) Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112, tel.: 49-61-99, 49-64-47.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler