Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebi 2019/2020-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

0
10754
Salgysy:
г.Ашхабад , аэропорт
Telefon belgiňiz:
23-34-21
Soňky täzelenme:

1. Awiasiýa ýangyç-çalgy serişdeleriniň öndürilişi, saklanylyşy, daşalyşy, guýluşy we olaryň hil barlagy.
2. Howa menzilleriniň elektrotehniki yşyklandyryş ulgamynyň tehniki taýdan ulanylyşy.
3. Ýangyna garşy goragyň guralyşy we tehnikasy.
4. Awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmek.
5. Awiasiýada gatnawy guraýyş.
6. Ulaglardaky serwis.
Mekdebe Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 25-den geçmedik, harby şahadatnamasy bolan oglanlary, saglyk ýagdaýy raýat awiasiýasynyň tehniki işine ýaramly oglanlar, Awiasiýada howpsuzlygy üpjün etmek, Awiasiýada gatnawy guraýyş hünärlerine ýaşy 25-e çenli gyzlar, ulaglardaky serwis hünärine ýaşy 25-e çenli diňe gyzlar giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2,5 ýyl, tölegli.
Kabul edilýänleriň ýaşy we iş tejribesi 2019-njy ýylyň 1-nji sentýabryna çenli hasaba alynýar.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2019-njy ýylyň 8-nji iýuly — 10-njy awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusga boýunça mekdebiň başlygynyň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
— «Türkmenhowaýollary» agentliginiň lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— narkologik hem-de psihonewrologik dispanserlerden güwähat;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
— şahsy pasportyny;
— harby şahadatnamasyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Okuwa girýänler saýlap alan hünärine laýyklykda, lukmançylyk we psihologik taýdan seçip saýlanmakdan geçýärler.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2019-njy ýylyň awgust aýynyň 13 — 14-i, 16-sy we 17-si günlerinde “Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar.
“Türkmenhowaýollary” agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., aeroport, tel.: 23-34-21.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler