Soňky habarlar

Arhiw

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebi 2019/2020-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

0
5911
Salgysy:
г.Туркменабат, улица Зелили, 1 «А»
Telefon belgiňiz:
9-88-12, 9-89-56, 9-87-71
Soňky täzelenme:

1. Oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi.
2. Dokma önümçiligi.
3. Oba hojalygynyň mehanizasiýasy.
4. Agronomçylyk.
5. Pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy.
6. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.
7. Dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy.
8. Atçylyk.
9. Tikin önümçiliginiň tehnologiýasy.
10. Ýer ulanylyşy.
11. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (oba hojalygynda).
12. Weterinariýa.
13. Maglumat ulgamlary (oba hojalygynda).
14. Gidromeliorasiýa.
Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2 ýyl we tölegli.
Resmi iş kagyzlary Türkmenabat şäherinde 2019-njy ýylyň 8-nji iýulyndan 10-njy awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2019-njy ýylyň awgust aýynyň 13 — 14-i, 16-sy we 17-si günlerinde S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde (Türkmenabat ş.) geçirilýär.
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
oba hojalyk önümleriniň tehnologiýasy we gaýtadan işlenilmegi; atçylyk; agronomçylyk; weterinariýa hünärleri — biologiýa, himiýa, Türkmenistanyň taryhy;
dokma önümçiligi; tikin önümçiliginiň tehnologiýasy; pagtany ilkinji işläp taýýarlamagyň tehnologiýasy; dänäni saklamagyň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy hünärleri — himiýa, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
oba hojalygynyň mehanizasiýasy; gidromeliorasiýa; maglumat ulgamlary (oba hojalygynda); ýer ulanylyşy hünärleri — matematika, fizika, Türkmenistanyň taryhy;
buhgalterçilik hasaba alnyşy; ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş (oba hojalygynda) hünärleri — matematika, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
— soňky 2-3 ýylyň dowamynda ýokary netijeler gazanan we etrap häkimligi tarapyndan degişli hünärlere hödürlenen kärendeçiler we mülkdarlar;
— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Türkmenabat ş., Zelili köçesi, 1a, tel.: 9-88-12, 9-89-56, 9-87-71.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler