Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebi 2019/2020-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

0
7270
Salgysy:
Türkmenabat ş., Gurbansoltan eje köçesi, 21
Telefon belgiňiz:
7-44-52, 3-63-63
Soňky täzelenme:

1. Gämi sürüjilik.
2. Elektrik we elektromehaniki abzallaryny tehniki taýdan ulanmak we hyzmat etmek.
3. Jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy.
4. Senagat we raýat jaý gurluşygy.
5. Gidromeliorasiýa.
6. Ulaglarda gatnawlary guramak we hereketi dolandyrmak.
7. Köp kanally telekommunikasiýa ulgamlary.
8. Iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi.
9. Kompýuter ulgamlarynda programmirlemek.
10. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
11. Buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit.
Orta hünär okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy orta bilimli, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti hünärine görä degişlilikde 2,5 ýyl we tölegli.
Resmi iş kagyzlary Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde 2019-njy ýylyň 8-nji iýuly — 10-njy awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— umumy orta bilim barada resminamanyň asyl nusgasy;
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
— bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda artykmaçlyklardan peýdalanýan okuwa girýän ýylynda mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— şahsy pasportyny;
— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.
Dalaşgär talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek 2019-njy ýylyň awgust aýynyň 13 — 14-i, 16-sy we 17-si günlerinde «Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebinde (Türkmenabat ş.) geçirilýär.
Giriş synaglary aşakdaky dersler boýunça geçirilýär:
iş kagyzlarynyň dolanyşygyny guramak we arhiw işi hünäri — türkmen dili we edebiýaty, jemgyýeti öwreniş, Türkmenistanyň taryhy;
jemgyýetçilik iýmitiniň önümleriniň tehnologiýasy hünäri — himiýa, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş,  buhgalterçilik hasaba alnyşy we audit hünärleri — matematika, jemgyýeti öwreniş we Türkmenistanyň taryhy;
kompýuter ulgamlarynda programmirlemek hünäri — informatika, matematika, Türkmenistanyň taryhy;
galan ähli hünärler — fizika, matematika, Türkmenistanyň taryhy.
Dersler boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça deň mukdarda baha alanlardan talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan aşakda görkezilenler peýdalanýarlar:
— saýlan hünäri boýunça 2 ýyldan az bolmadyk iş tejribesi bolanlar;
— çagyryş boýunça harby gullugy geçenler.
«Türkmendeňizderýaýollary» agentliginiň Türkmenabat şäherindäki derýaçylyk orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Türkmenabat ş., Gurbansoltan eje köçesi, 21, tel.: 7-44-52, 3-63-63.

Eger-de siz sözlemde harp ýalňyşy gören bolsaňyz, şol sözi saýlap Ctrl+Enter basyň

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş täzelikler